“Ouşeniň on biri” (Ocean’s Eleven) atly meşhur filmler toplumynyň hataryna ýene biri goşullar. Ady belli edilmedik täze filme Li Aýzek Çun režissýorlyk eder. Ol “Minari” (Minari, 2020) hem-de “Harasat” (Twister, 2024) filmleri bilen meşhurlyk gazanypdy. Täze ekran eserinde baş keşpleri Oskaryň dalaşgärleri aktýor Bredli Kuper bilen Margo Robbi janlandyrar. Robbi filmiň prodýuseri hökmünde-de çykyş eder. Bu gezekki wakalar Ýewropada, üstesine öňki kinolardakylardan ep-esli öň, 1960-njy ýyllarda bolup geçýär. Franşaýza täzelik girizilmegine garaşylýan nobatdaky ekran eseriniň ssenarisini Kerri Solomon ýazar. Täze filmiň haçan prokatlara çykaryljakdygy häzirlikçe belli däl.
Belli režissýor Stiwen Soderbergiň 2001-nji ýylda surata düşüren “Ouşeniň on bir dosty” filminiň şowly çykmagyndan soň 2004-nji ýylda “Ouşeniň on iki dosty”, 2007-nji ýylda bolsa “Ouşeniň on üç dosty” kinolary-da peýda bolupdy. Hatda bu franşaýzyň hataryna 2018-nji ýylda baş keşpde diňe aktrisalaryň surata düşen “Ouşeniň sekiz jorasy” atly kino hem goşulypdy. Başdaky 3 film prokatlardan 1,1 milliard, 4-nji kino bolsa 300 million, jemi 1 milliard 422 million amerikan dollary möçberinde kassa ýygymyny gazanypdy.
Şeýle-de, golaýda franşaýzyň esasy 3 filminde baş keşpde surata düşen Jorj Kluni ýene-de köne toparyny jemläp, “Ouşeniň on dört dosty” filmini ekranlaşdyrmak maksatlarynyň bardygyny hem aýdypdy.
 PDF
 PDF 
		

 
                         