Programma üpjünçiliginde dünýäniň öňdebaryjy kompaniýasy bolan “Microsoft” emeli aň çipini işläp taýýarlaýar. Soňky ýyllarda emeli aň tehnologiýasynyň ösmegi, bu ugurda täze programmalaryň we enjamlaryň döremegi bilen bu tehnologiýa has köp maýa goýum gönükdirilýär. “OpenAI” kompaniýasynyň döreden “Chat GPT” atly emeli aň bilen işleýän we adamlaryň sowallaryna jogap berýän emeli aň tehnologiýasy köpleriň ünsüni çekdi. Şeýle bolansoň, “Nvidia” ýaly tehnologiýa ägirtleri emeli aň tehnologiýasyna maýa goýum goýup başlady. “Microsoft” kompaniýasy bolsa, TSMC-niň 5nm çipine esaslanýan “Athena” atly emeli aň çipini işläp taýýarlaýar. “Athena AI” çipleriniň eýýäm geljek ýyldan başlap, taýýar boljakdygy we ulanmaga hödürlenjekdigi mälim edildi.
Häzirki wagtda emeli aň tehnologiýasynda, esasan, NVIDIA kompaniýasynyň enjamlary ulanylýar. “Google”, “Amazon” we “Meta” hem bu tehnologiýany işläp taýýarlamaga maýa goýum gönükdirýär.
Maýagözel Aşyrowa, Türkmenistanyň Oguz han adyndaky inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň talyby.
PDF









