Çip önümçiligini artdyrar

35

Ýew­ro­pa Bi­le­le­şi­gi­niň de­giş­li eda­ra­la­ry ag­za ýurt­lar­da çip önüm­çi­li­gi­ni art­dyr­mak üçin 43 mil­liard ýew­ro­lyk ma­li­ýe çeş­me­si­niň üp­jün edil­me­gi­ni göz öňün­de tu­tul­ýan mak­sat­na­ma­ny dur­mu­şa ge­çir­mek üçin yla­laş­dy­lar. Mak­sat­na­ma­da hä­zir­ki wagt­da glo­bal çip önüm­çi­li­gi­niň 9 gö­te­ri­mi­ni ama­la aşyr­ýan ag­za ýurt­lar­da bu gör­ke­zi­ji­niň 20 gö­te­ri­me ýe­ti­ril­me­gi göz öňün­de tu­tul­ýar.
Ýew­ro­pa Bi­le­le­şi­gi­niň Ge­ňe­şi, ag­za ýurt­lar bi­len Ýew­ro­pa Par­la­men­ti­niň ara­syn­da çip önüm­çi­li­gi­ni art­dyr­mak ba­bat­da ge­çi­ril­ýän gep­le­şik­ler­de ne­ti­je al­nan­dy­gy mä­lim edi­di.
Mak­sat­na­ma­da üp­jün­çi­li­giň yg­ty­bar­ly­ly­gy­ny ga­zan­mak üçin iri ma­ýa go­ýum­lar öz­leş­di­ri­lip, teh­no­lo­gik ösü­şe aý­ra­tyn üns ber­ler. Şeý­le­lik­de, Ýew­ro­pa çip üçin ma­ýa go­ýum goý­mak üçin has özü­ne çe­ki­ji se­bit bo­lar.
Şeý­le hem üp­jün­çi­lik­de ýü­ze çy­kyp bil­jek bök­denç­lik­le­ri öňün­den çak­la­mak we öňü­ni al­mak üçin ul­gam dö­re­di­ler.
Bu ug­ra Ýew­ro­pa Bi­le­le­şi­gi­niň býu­je­tin­den 3,3 mil­liard ýew­ro bö­lü­nip ber­ler. Döw­let eda­ra­la­ry we hu­su­sy pu­da­gyň go­şan­dy bi­len je­mi 43 mil­liard ýew­ro bu ug­ra gö­nük­di­ri­ler.
Çip­ler smart­fon­lar­dan aw­tou­lag­la­ra çen­li ulu­ly-ki­çi­li äh­li elekt­ron en­jam­lar­da di­ýen ýa­ly ula­nyl­ýar. Çip önüm­çi­li­gi­niň ýa­ry­sy­na go­la­ýy, has ösen çip­le­riň äh­li­si di­ýen ýa­ly Taý­wan­da ön­dü­ril­ýär.

Şöh­rat Ys­ma­ýy­low, Türk­me­nis­ta­nyň Oguz han adyn­da­ky in­že­ner-teh­no­lo­gi­ýa­lar uni­wer­si­te­ti­niň ta­ly­by.