Britaniçýaly barlag geçirijler adamyň zähmeti bolmazdan awtoýollarda çukanaklaryň emele gelmeginiň öňüni alyp, jaýryk emele gelenden soň özüni ýamaýan asfalt işläp düzdiler. “Düzüminde ösümlik sporasy bolan özüni ýamaýan garasakgyç awtoýollarda döreýän jaýryklary petikleýär diýip, “The Guardian” neşiri ýazýar.
-Jaýryklary petiklemek bilen, çukanaklaryň emele gelmeginiň öňüni alarsyňyz we ýoluňyzyň ömrüni ep-esli uzaldarsyňyz – diýip, Suonsi uniwersitetiniň doktory Hose Norambuena-Kontreras aýtdy. Barlag geçirijiler bu materialyň ýakyn ýyllarda Beýik Britaniýanyň ýollarynda ulanmak üçin öndürilip başlanjakdygyny belleýärler.