Home Blog Page 383

Be­ýik Bri­ta­ni­ýa­nyň Da­şa­ry iş­ler mi­nist­ri­niň orun­ba­sa­ry bi­len du­şu­şyk ge­çi­ril­di

31-nji okt­ýabr­da Türk­me­nis­ta­nyň Da­şa­ry iş­ler mi­nist­ri­niň orun­ba­sa­ry Ah­met Gur­ba­now bi­len Be­ýik Bri­ta­ni­ýa­nyň Ar­ka­la­şy­gyň iş­le­ri we ösüş bo­ýun­ça Da­şa­ry iş­ler mi­nist­ri­niň orun­ba­sa­ry, Par­la­men­tiň ag­za­sy Sti­wen Dou­ti­niň ara­syn­da wi­deoa­ra­gat­na­şyk ul­ga­my aka­ly du­şu­şyk ge­çi­ril­di.
Du­şu­şy­gyň çä­gin­de sy­ýa­sy-dip­lo­ma­tik, söw­da-yk­dy­sa­dy we me­de­ni-yn­san­per­wer ugur­lar bo­ýun­ça iki­ta­rap­la­ýyn hyz­mat­daş­ly­gyň, şeý­le hem se­bit we hal­ka­ra gün ter­ti­bi­niň me­se­le­le­ri­niň giň top­lu­my ara al­nyp mas­la­hat­la­şyl­dy.
Dur­muş pu­da­gy döw­le­ta­ra gat­na­şyk­la­ryň mö­hüm ug­ry hök­mün­de kes­git­le­nil­di. Şu nuk­daý­na­zar­dan dip­lo­mat­lar me­de­ni­ýet we bi­lim, hu­su­san-da Türk­me­nis­tan­da iň­lis di­li­ni öw­ren­mek ba­ba­tyn­da oňyn hyz­mat­daş­ly­gy tas­syk­la­dy­lar.

 

Türkmenistan bilen Halkara pul gaznasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy

1-nji noýabrda Türkmenistanyň DIM-de Türkmenistanyň Daşary işler Ministri Raşid Meredow bilen Halkara pul gaznasynyň (HPG) geňeşçisi, Azerbaýjan we Türkmenistan boýunça missiýasynyň başlygy Anna Rouz Bordonyň ýolbaşçylygyndaky HPG-niň wekiliýeti bilen duşuşyk geçirildi.
Duşuşygyň barşynda taraplar Türkmenistan bilen HPG-niň arasyndaky hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyny we gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.
Gepleşikleriň dowamynda özara gatnaşyklary pugtalandyrmaga, şol sanda Türkmenistanyň Bütindünýä söwda guramasyna goşulmaga bolan meýli bilen bagly meselelere ygrarlylyk nygtaldy.
Şunuň bilen baglylykda, 2022-nji ýyldan bäri goşulýan ýurt («işjeň synçy») derejesine eýe bolan Türkmenistana HPG-niň maslahat beriji goldawynyň ähmiýeti bellenildi.
Duşuşyga gatnaşyjylar Türkmenistan bilen Halkara pul gaznasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilen tagallalary utgaşdyrmagyň zerurdygyny nygtadylar.

BBC yzygiderli ýaýlymy ýola goýýar

1936-njy ýy­lyň 2-nji no­ýab­ryn­da dün­ýä­niň il­kin­ji yzy­gi­der­li, “ýo­ka­ry du­ru­lyk­da­ky” te­le­ýaý­ly­my bo­lan BBC (BBC Te­levision Service) iş­läp baş­la­dy. BBC (Bri­tish Broadcas­ting Cor­po­ra­ti­on-Bri­tan Te­le­ýaý­lym Kor­po­ra­si­ýa­sy) 1927-nji ýyl­dan bä­ri Bri­ta­ni­ýa­nyň Pa­ty­şa­ly­gy­nyň ho­wan­dar­ly­gyn­da we ma­li­ýe gol­da­wy bi­len dür­li ýaý­lym hyz­mat­la­ry­ny ýe­ri­ne ýe­tir­ýär­di. Kor­po­ra­si­ýa 1932-nji ýyl­dan baş­lap öz stu­di­ýa­syn­da gep­le­şik­ler taý­ýar­lap baş­la­ýar. Em­ma yzy­gi­der­li te­le­ýaý­lym 1936-njy ýyl­da ýo­la go­ýul­ýar. Te­le­ýaý­lym 1967-nji ýyl­da ýyl­da Ýew­ro­pa­da il­kin­ji bo­lup yzy­gi­der­li reňk­li ýaý­ly­ma geç­ýär.

78 ýyl ozal şu gün ilkinji duşuşyk geçirilipdi

Mundan 78 ýyl ozal şu gün, ýagny 1946-njy ýylyň 1-nji noýabrynda Amerikanyň milli basketbol ligasy NBA-da ilkinji duşuşyk geçirildi. Şol wagtlar liganyň ady BAA bolsa-da, “Toronto Haskis” bilen “Nýu Ýork Niks” (Nikerbokers) toparlarynyň arasyndaky bu duşuşygyň NBA-nyň ilkinji duşuşygy hasaplanýar. Torontodaky “Maple Leafs Arena”-da oýnalan bu duşuşygyna bahasy 75 sent – 2,5 dollara deň bolan petekleri satyn alan 7 müň 90 janköýer tomaşa etdi.

Duşuşygyň ilkinji hüjümini “Haskis” topary geçirse-de, olaryň urgusy takyk bolmaýar. “NÝ Niks” topary ilkinji hüjüminde utuk gazanyp, Leo Gottlibiň asist etmeginde topy halkadan geçiren Ossi Şektman NBA-nyň taryhynda ilkinji geçirilen utugyň eýesi bolýar. Duşuşykda “Niks” 68:66 hasabynda ýeňiş gazanýar.

Uç­ýan aw­tou­lag ön­dür­ýän il­kin­ji za­wod

Hy­ta­ýyň Guanç­žou şä­he­rin­de uç­ýan aw­tou­lag­la­ry ön­dür­ýän za­wo­dyň gur­lu­şy­gy­na baş­lan­dy. Bu kär­ha­na dün­ýä­de il­kin­ji bo­lup şu­lar ýa­ly ma­şyn­la­ryň köp­çü­lik­le­ýin önüm­çi­li­gi­ne baş­lar di­ýip kär­ha­na­nyň met­bu­gat gul­lu­gy ha­bar ber­ýär.
Za­wo­dyň meý­da­ny 180 müň ine­dör­dül metr bo­lar. Uç­ýan aw­tou­lag­la­ryň yzy­gi­der­li önüm­çi­li­gi­ne 2026-njy ýyl­da me­ýil­leş­di­ril­ýär. Kär­ha­na­nyň yg­lan edi­len kuw­wa­ty ýyl­da 10 müň uç­ýan aw­tou­la­ga deň­dir.
Şeý­le-de aw­tou­la­gyň il­kin­ji uçu­şy şu ýy­lyň no­ýabr aýyn­da Çžu­haý şä­he­rin­de gu­ral­jak awia­sa­lon­da gör­ke­zi­ler. Kom­pa­ni­ýa­nyň we­kil­le­ri­niň pi­ki­ri­çe, olar tä­ze önüm üçin eý­ýäm üç müň­den gow­rak öňün­den sar­gyt al­dy­lar.

Milli manadymyz – ýurdumyzyň berk binýady

Garaşsyzlyk ýyllarynda türkmen manadynyň döwletimiziň, milli ykdysadyýetimiziň durnukly ösüşiniň özboluşly nyşany hökmünde milli buýsanjymyza öwrülendigini aýratyn bellemek gerek. Häzirki wagtda türkmen manady milli ykdysadyýetimiziň durnukly ösüşini alamatlandyrýan özboluşly nyşan hökmünde göz öňümizde janlanýar. Hakykatdan-da, Türkmenistanyň milli pulunyň – milli manadymyzyň 1993-nji ýylyň 1-nji noýabrynda dolanyşyga girizilmeginden soňra, ata Watanymyz ykdysadyýeti ösdürmegiň dünýä jemgyýetçiligi üçin nusga alarlyk giň tejribesini toplady. Munuň özi milli pulumyzyň diňe bir ykdysady üstünlikleriň däl, eýsem, kuwwatly özygtyýarly ösüşimiziň, Garaşsyzlygymyzyň nyşanyna öwrülendigini görkezýär.

Ga­raş­syz­ly­gy­my­zyň il­kin­ji ýyl­la­ryn­da mil­li ma­na­dy­my­zyň do­la­ny­şy­ga goý­be­ril­me­gi ýur­du­myz­da ýag­ty er­tir­le­ri na­zar­la­ýan giň möç­ber­li yk­dy­sa­dy öz­gert­me­le­ri üs­tün­lik­li ama­la aşyr­ma­ga gö­nük­di­ri­len öz­baş­dak pul-karz sy­ýa­sa­ty­ny alyp bar­ma­ga ýar­dam ber­di. Bu ba­bat­da Esa­sy Ka­nu­ny­myz­da hem aý­ra­tyn bel­le­ni­lip ge­çil­ýär we onuň ka­nu­ny bin­ýa­dy ber­ki­dil­ýär. Has ta­ky­gy, Türk­me­nis­ta­nyň Kons­ti­tu­si­ýa­sy­nyň 138-nji mad­da­sy­na la­ýyk­lyk­da, döw­le­ti­mi­ziň bank ul­ga­my ýur­du­myz­da ýe­ke-täk pul-karz sy­ýa­sa­ty­ny alyp bar­ýan Mer­ke­zi ban­ky we beý­le­ki bank eda­ra­la­ry­ny öz içi­ne al­ýar. Şeý­le hem Türk­me­nis­ta­nyň Mer­ke­zi ban­ky nagt pul do­la­ny­şy­gy­ny gu­ra­ma­gy we ha­sap­la­şyk tö­leg ul­ga­my­nyň ne­ti­je­li iş­le­me­gi­ni hem-de beý­le­ki we­zi­pe­le­ri üs­tün­lik­li ýe­ri­ne ýe­tir­ýän eda­ra­dyr. Hormatly Prezidentimiziň Ka­ra­ry bi­len 2011-nji ýy­lyň ýan­war aýyn­da «Türk­me­nis­ta­nyň bank ul­ga­my­ny ös­dür­me­giň 2011 – 2030-njy ýyl­lar üçin Döw­let mak­sat­na­ma­sy» ka­bul edil­di. Bu mak­sat­na­ma­da ýur­du­myz­da ama­la aşy­ryl­ýan ba­zar öz­gert­me­le­ri­niň çäk­le­rin­de bank ul­ga­my­nyň işi­ni kä­mil­leş­dir­me­giň esa­sy ugur­la­ry kes­git­le­nil­di.
Bank ul­ga­myn­da ka­da­laş­dy­ry­jy hu­kuk na­ma­lar bo­lan «Türk­me­nis­ta­nyň Mer­ke­zi ban­ky ha­kyn­da», «Karz eda­ra­la­ry we bank işi ha­kyn­da», «Mik­ro­ma­li­ýe gu­ra­ma­la­ry we mik­ro­ma­li­ýe­leş­dir­me ha­kyn­da», «Karz bir­leş­me­le­ri ha­kyn­da», «Da­şa­ry yk­dy­sa­dy gat­na­şyk­lar­da pu­ly ka­da­laş­dyr­mak we pu­la gö­zeg­çi­lik et­mek ha­kyn­da» Türk­me­nis­ta­nyň Ka­nun­la­ry­nyň güý­je gir­me­gi ýur­du­my­zyň bank ul­ga­my­ny ös­dür­mek­de kuw­wat­ly gu­ral bo­lup çy­kyş ed­ýär.
Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň öň­den­gö­rü­ji­lik­li ma­li­ýe sy­ýa­sa­ty­nyň ne­ti­je­sin­de, mil­li ma­na­dyň dur­nuk­ly­ly­gy­ny sak­la­mak, ka­da­ly he­re­ke­ti­ni ýo­la goý­mak, go­rag­ly­ly­gy­ny üp­jün edip, sa­tyn alyş uky­by­ny ýo­kar­lan­dyr­mak bo­ýun­ça top­lum­la­ýyn çä­re­ler dur­mu­şa ge­çi­ril­ýär. Ýe­ňil­lik­li sal­gyt sy­ýa­sa­ty­nyň ýö­re­dil­me­gi we ila­ta pes gö­te­rim­li karz­la­ryň be­ril­me­gi eýe­çi­li­giň dür­li gör­nüş­le­rin­de tä­ze dü­züm­le­ri, iş orun­la­ry­ny dö­ret­mä­ge, kär­ha­na­la­ryň önüm­çi­lik kuw­wa­ty­ny pug­ta­lan­dyr­ma­ga, im­por­tuň or­nu­ny tut­ma­ga hem-de eks­por­ta ni­ýet­le­nen önüm­le­riň ön­dü­ri­li­şi­niň möç­ber­le­ri­ni art­dyr­ma­ga, yk­dy­sa­dy­ýe­tiň äh­li pu­dak­la­ryn­da san­ly ul­ga­my giň­den or­naş­dyr­ma­ga, hal­ka­ra söw­da-yk­dy­sa­dy gat­na­şyk­la­ry bar­ha ös­dür­mä­ge giň müm­kin­çi­lik­le­ri aç­ýar. Şeý­le hem ýur­du­my­zyň bank ul­ga­my ta­ra­pyn­dan nagt däl ha­sap­la­şyk­la­ryň ge­ri­mi­niň gi­ňel­dil­me­gi­ne, mil­li tö­leg ul­ga­my­nyň müm­kin­çi­lik­le­ri­niň art­dy­ryl­ma­gy­na, karz eda­ra­la­ry­nyň bäs­deş­li­ge ukyp­ly­ly­gy­nyň ýo­kar­lan­dy­ryl­ma­gy­na gö­nük­di­ri­len giň ge­rim­li iş­ler al­nyp ba­ryl­ýar.
Ýur­du­my­zyň çä­gin­de ra­ýat­la­ry­myz «Al­tyn asyr», «Mil­li­kart», «Maş­ga­la», «Mil­li VISA», «Go­ýum bank kar­ty», «Owerd­raft kar­ty», şeý­le hem hal­ka­ra «VISA» we «Mas­ter Card» bank kart­la­ry­ny peý­da­lan­mak ar­ka­ly dür­li gör­nüş­li nagt däl ha­sap­la­şyk­la­ryň giň müm­kin­çi­lik­le­rin­den peý­da­lan­ýar­lar. Türk­me­nis­tan­da nagt däl ha­sap­la­şyk­la­ryň ge­ri­mi­ni gi­ňelt­mek mak­sa­dy bi­len, san­ly ul­gam­da «In­ter­net-bank», «Mo­bil-bank», «Elekt­ron söw­da», «QR-kod» ýa­ly on­laýn bank hyz­mat­la­ry­ny or­naş­dyr­mak we kä­mil­leş­dir­mek iş­le­ri­ne yzy­gi­der­li ma­ýa go­ýum se­riş­de­le­ri go­ýul­ýar. Şeý­le gör­nüş­li san­ly bank hyz­mat­la­ry müş­de­ri­le­riň bank amal­la­ry­na we hyz­mat­la­ry­na bo­lan is­leg­le­ri­ni ka­na­gat­lan­dyr­ma­ga, pul ge­çi­rim­le­ri­ni ýe­ňil­leş­dir­mä­ge, ne­ti­je­de ila­tyň gym­mat­ly wag­ty­ny we se­riş­de­le­ri­ni tyg­şyt­la­ma­ga müm­kin­çi­lik ber­ýär.

Şem­şat KLI­ÇO­WA,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň uly mugallymy.

Gaý­ta­dan bi­rin­ji bol­dy

Ýa­rym­ge­çi­ri­ji önüm­çi­li­gi bi­len meş­gul­lan­ýan «Nvidia» kom­pa­ni­ýa­sy tä­ze eme­li aň çip­le­ri­ne bo­lan is­le­giň ýo­kar­lan­ma­gy bi­len ba­zar ba­ha­sy­ny art­dy­ryp, dün­ýä­niň iň gym­mat kom­pa­ni­ýa­sy bol­dy. Şeý­le­lik­de, kom­pa­ni­ýa­nyň gym­ma­ty 3,53 tril­li­on dol­la­ra ýe­tip, ba­zar ba­ha­sy 3,52 tril­li­on dol­lar bo­lan «App­le»-den öňe geç­di. Mun­dan ozal hem kom­pa­ni­ýa iýun aýyn­da «Micro­soft»-dan we «App­le»-den ozup, dün­ýä­niň iň gurp­ly kom­pa­ni­ýa­sy bo­lup­dy. «Nvidia»-nyň ýol­baş­çy­la­ry tä­ze ne­sil çip­le­ri­niň önüm­çi­li­gi­niň ýo­ka­ry dep­gin­ler bi­len art­ýan­dy­gy­ny, ön­dü­ri­len ha­ryt­la­ryň bir ýyl öňün­den sar­gyt edil­ýän­di­gi­ni aýd­ýar­lar. Bi­ler­men­ler eme­li aň teh­no­lo­gi­ýa­sy­na ýo­ka­ry is­le­giň do­wam eden ýag­da­ýyn­da kom­pa­ni­ýa­nyň gir­de­ji­si­niň ar­ty­şy­nyň do­wam et­jek­di­gi­ni bel­le­ýär­ler.

Ata­my­rat ÝA­ZOW,
Türk­men döw­let ma­li­ýe ins­ti­tu­ty­nyň ta­ly­by.

Güýz paslynda möwsümleýin keselleriň öňüni almak üçin peýdaly maslahatlar:

1. Pas­lyň aý­ra­tyn­lyk­la­ry­na la­ýyk­lyk­da geý­niň!
2. Sag­dyn dur­muş ýö­rel­ge­si­ni berk ber­jaý ediň! Zy­ýan­ly en­dik­ler­den daş­da du­ruň!
3. Sag­dyn we ka­da­ly iý­mit­le­niň!
4. Mi­we­le­ri we gök önüm­le­ri köp­räk iý­me­gi unut­maň!
5. Şah­sy we jem­gy­ýet­çi­lik aras­sa­çy­lyk ter­tip-düz­gün­le­ri­ni berk ber­jaý ediň!
6. An­ti­bak­te­ri­al der­man se­riş­de­le­ri­ni öz­baş­dak ulan­maň!
7. Her hep­de­de mil­li ta­gam­la­ry­my­zyň bi­ri bo­lan gy­zyl burç go­şu­lan unaş iýiň!
8. Iý­mit howp­suz­ly­gy­ny berk ber­jaý ediň!
9. Be­de­niň ke­se­le gar­şy dur­nuk­ly­ly­gy­ny ýo­kar­lan­dyr­mak üçin Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň «Türk­me­nis­ta­nyň der­man­lyk ösüm­lik­le­ri» at­ly köp jilt­li yl­my-en­sik­lo­pe­di­ki ki­ta­byn­da be­ýan edil­ýän it­bu­run, ço­pan­tel­pek, bu­ýa­nyň kö­ki, kä­ki­lik oty, ke­ýik oty, alyç ýa­ly der­man­lyk ösüm­lik­ler­den taý­ýar­la­nan mel­hem çaý­la­ry­ny maş­ga­la luk­ma­ny bi­len mas­la­hat­la­şyp, yzy­gi­der­li içiň!
10. Ýur­du­myz­da ýo­la goý­lan ke­sel­le­riň öňü­ni alyş san­jym­la­ry­ny maş­ga­la luk­ma­ny­ňyz bi­len mas­la­hat­la­şyp alyň!
11. Ýo­kanç däl ke­sel­le­riň dü­zü­mi­ne gir­ýän howp­ly tä­ze dö­re­me­le­riň ýur­du­myz­da ýo­la goý­lan ir­ki anyk­la­ýyş bar­lag­la­ryn­dan öz wag­tyn­da ge­çiň!

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Saglygy goraýşyň habarlar merkezi.

Medeni gatnaşyklaryň aýdyň beýany

Halklaryň arasynda agzybirligi, dost-doganlygy pugtalandyrmakda, ýurdumyzda halkara derejede geçirilýän maslahatlaryň, festiwallaryň, sergileriň, konsertleriň hem beýleki medeni çäreleriň ähmiýeti uludyr. Halkymyzyň baý medeni mirasyny, gadymy gymmatlyklaryny, milli sungatyny, medeniýetde we sungatda gazanýan üstünliklerini dünýäde wagyz etmekde Türkmenistanyň Medeniýet günleriniň çäklerinde guralýan çärelere möhüm orun degişlidir.

En­çe­me ýyl­la­ryň do­wa­myn­da türk­men hem er­me­ni halk­la­ry dost­luk­ly gat­na­şyk­la­ry sak­lap gel­ýär­ler. Iki dost­luk­ly ýur­duň Baş­tu­tan­la­ry­nyň baş­lan­gyç­la­ry bi­len ge­çi­ri­len Er­me­nis­tan Res­pub­li­ka­sy­nyň ýur­du­myz­da­ky Me­de­ni­ýet gün­le­ri türk­me­nis­tan­ly­la­ra er­me­ni hal­ky­nyň kö­pö­wüş­gin­li sun­ga­ty, öz­bo­luş­ly däp-des­sur­la­ry hem-de me­de­ni­ýet ul­ga­myn­da ga­za­nan­la­ry bi­len ta­nyş­ma­gy­na ýar­dam ed­ýär. Öz­bo­luş­ly mil­li egin-eşik­ler, aý­dym-saz­lar, us­sat­lyk bi­len ýe­ri­ne ýe­ti­ri­len tans­lar­dyr beý­le­ki çy­kyş­lar, ýaý­baň­lan­dy­ry­lan ser­gi­ler türk­men to­ma­şa­çy­la­ry­na Er­me­nis­ta­nyň ga­dy­my hem hä­zir­ki za­man ru­hu­ny duý­ma­ga müm­kin­çi­lik ber­ýär. Paý­tag­ty­my­zyň ki­no­teatr­la­ryn­da gör­ke­zi­len «Aý­rik», «Şar­pyk» at­ly er­me­ni ki­no­film­le­ri­niň to­ma­şa­çy­lar­da uly gy­zyk­lan­ma dö­re­den­di­gi­ni hem aý­dyp bi­le­ris. «Bag­da­sa­ryň maş­ga­la­sy» at­ly ki­no­fil­me hem-de mult­film­le­re bol­sa paý­tag­ty­my­zyň ýa­şaý­jy­la­ry we myh­man­la­ry to­ma­şa et­mek müm­kin­çi­li­gi­ne eýe bol­dy.
Türk­men-er­me­ni me­de­ni gat­na­şyk­la­ry ga­dy­my dö­wür­ler­den göz­baş al­ýar. «Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy» me­de­ni-se­ýil­gäh top­lu­myn­da er­me­ni nus­ga­wy şa­hy­ry Sa­ýat No­wa­nyň heý­ke­li otur­dyl­dy. Ýe­ri ge­len­de bel­le­sek, go­laý­da Mag­tym­gu­ly­nyň goş­gu­lar ýy­gyn­dy­sy er­me­ni di­lin­de aý­ra­tyn ki­tap gör­nü­şin­de ne­şir edil­di. Sa­ýat No­wa­nyň eser­le­ri­niň hem türk­men di­li­ne ter­ji­me edi­len­di­gi­ni bel­le­mek ýa­kym­ly­dyr.
2023 – 2025-nji ýyl­lar üçin iki ýur­duň me­de­ni­ýet we sun­gat ul­ga­myn­da öza­ra gat­na­şyk­la­ry bo­ýun­ça de­giş­li mak­sat­na­ma he­re­ket ed­ýär. Me­de­ni­ýet pa­ra­hat­çy­ly­ga, iki­ta­rap­la­ýyn dia­lo­ga giň ýol aç­ýar. Şo­nuň üçin hem iki döw­le­tiň sy­ýa­sa­tyn­da-da me­de­ni dip­lo­ma­ti­ýa uly üns be­ril­ýär. Ýa­kyn­da Er­me­nis­tan Res­pub­li­ka­sy­nyň Pre­zi­den­ti­ne Türk­me­nis­ta­nyň «Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy­nyň 300 ýyl­ly­gy­na» at­ly ýu­bi­leý me­da­ly­nyň gow­şu­ryl­ma­gy-da bu ba­bat­da aja­ýyp wa­ka­la­ryň bi­ri bol­dy.
Türk­men-er­me­ni aý­dym-saz sun­ga­tyn­da bir­nä­çe meň­zeş­lik­le­re ga­bat gel­mek bo­lýar. Iki hal­kyň aý­dym­la­ry­nyň söz­le­ri­niň li­ri­ka­sy bi­ri-bi­ri­ne örän meň­zeş. Aý­ra­tyn-da, Sa­ýat No­wa bi­len Mag­tym­gu­ly­nyň söz­le­ri­ne aý­dyl­ýan aý­dym­lar­da te­ma, maz­mun taý­dan meň­zeş­lik du­ýul­ýar. Bu iki hal­kyň hem ýo­ka­ry wa­tan­sö­ýü­ji­lik ru­hun­dan ge­lip çyk­ýan bol­sa ge­rek.
Şeý­le hem iki hal­kyň dost­luk gat­na­şyk­la­ry­nyň örän ga­dy­my dö­wür­ler­den göz­baş al­ýan­dy­gy bel­le­mek ýa­kym­ly. Tans sun­ga­tyn­da hem öza­ra bag­la­ny­şyk­lar bar. Türk­men hal­ky­nyň «Küşt­dep­di» mil­li tans sun­ga­ty ÝU­NES­KO ta­ra­pyn­dan Adam­za­dyň mad­dy däl me­de­ni mi­ra­sy­nyň sa­na­wy­na gi­ri­zi­lip­di. Er­me­nis­ta­nyň «Ko­ça­ri» halk tans des­su­ry 2017-nji ýyl­da şol sa­naw­da my­na­syp orun al­dy.

Ýa­kup­baý ÝAN­GI­BA­ÝEW,
Türk­men döw­let bi­na­gär­lik-gur­lu­şyk ins­ti­tu­ty­nyň ta­ly­by.

Sport güýç-gaý­rat­dyr, gö­zel­lik­dir we sag­dyn­lyk­dyr

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda türkmen sportuny ösdürmek, ussat türgenleri taýýarlamak ugrunda toplumlaýyn özgertmeler amala aşyrylýar. Şunuň esasynda, häzirki wagtda eziz Watanymyzda sport ulgamyny ösdürmek boýunça uly işleriň alnyp barylýandygyny, bu işleriň bütin dünýäde giň goldawa eýe bolýandygyny, şeýle hem ýurdumyzyň dünýä derejesindäki sport ýaryşlarynyň geçirilýän merkezine öwrülendigini buýsançly nygtamak gerek.

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Ser­dar Berdimuhamedowyň 25-nji okt­ýabr­da san­ly ul­gam ar­ka­ly ge­çi­ren Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň no­bat­da­ky mej­li­sin­de Türk­me­nis­ta­nyň baş­lan­gy­jy bi­len Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň Baş As­samb­le­ýa­sy­nyň 78-nji mej­li­sin­de «Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň oýun­la­ry» at­ly Ka­rar­na­ma­nyň ka­bul edi­len­di­gi bi­len bag­ly­lyk­da, 2-nji no­ýabr­da sport çä­re­si­ni ge­çir­me­gi, hem­me­le­riň bi­le­lik­de jem­gy­ýet bo­lup, sag­dyn dur­muş ýö­rel­ge­si­ne eýe­rip, Sag­lyk ýo­lun­dan geç­me­gi tek­lip et­me­gi ulus-ili­miz­de gyz­gyn gol­daw tap­dy. Mu­nuň özi Türk­me­nis­ta­nyň spor­tuň, sag­dyn­ly­gyň we ru­hu­be­lent­li­giň me­ka­ny­dy­gy­ny no­bat­da­ky ge­zek da­ba­ra­lan­dy­rar.
Wa­ta­ny­myz­da sport-sa­gal­dyş he­re­ke­ti, köp­çü­lik­le­ýin be­den­ter­bi­ýe saz­la­şyk­ly ös­dü­ril­ýär, Aş­ga­bat­da we ýur­du­my­zyň se­bit­le­rin­de sport dü­zü­mi­niň hä­zir­ki za­man des­ga­la­ry gu­rul­ýar. Bu zat­lar Türk­me­nis­tan Wa­ta­ny­my­zyň hal­ka­ra sport ýa­ryş­la­ry­nyň, Olim­pi­ýa oýun­la­ry­nyň ge­çi­ril­ýän döw­re­bap mer­ke­zine öw­rül­me­gi­ne, us­sat tür­gen­le­riň ke­ma­la gel­me­gi­ne şert dö­red­ýär.
Şu ýy­lyň 6-njy sent­ýab­ryn­da Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň Baş As­samb­le­ýa­sy­nyň 78-nji ses­si­ýa­syn­da Türk­me­nis­ta­nyň baş­lan­gy­jy bi­len «Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň oýun­la­ry» at­ly Ka­rar­na­ma­nyň ka­bul edil­me­gi ýur­du­myz üçin örän uly ab­raý­dyr. BMG-ä ag­za ýurt­la­ryň 87-si bu baş­lan­gy­jy bi­ra­gyz­dan gol­da­dy. Ga­raş­syz Döw­let­le­riň Ar­ka­la­şy­gy­nyň Hö­kü­met Baş­tu­tan­la­ry­nyň Ge­ňe­şi­niň Çöz­gü­di­ne la­ýyk­lyk­da, şu ýyl Aş­ga­bat şä­he­ri «Ar­ka­la­şy­gyň tä­ze sport müm­kin­çi­lik­le­ri­niň şä­he­ri» diý­lip yg­lan edil­di. Bu bol­sa Ga­raş­syz Wa­ta­ny­myz­da spor­ty ös­dür­mek ba­bat­da al­nyp ba­ryl­ýan iş­le­re ber­len ýo­ka­ry ba­ha­dyr.
Mil­li Li­de­ri­mi­ziň: «Sport güýç-gaý­rat­dyr, gö­zel­lik­dir we sag­dyn­lyk­dyr. Spor­ta bo­lan söý­gi dur­mu­şa bo­lan söý­gü­dir» di­ýen söz­le­rin­den ugur al­nyp, ýur­du­myz­da sport he­re­ke­ti­ni ös­dür­mek üçin ýaş­la­ra giň müm­kin­çi­lik­ler dö­re­dil­ýär. Öň­de goý­lan we­zi­pe­le­ri ber­jaý edip, bil­di­ril­ýän be­lent yna­my öde­mek­de sport mek­de­pleriniň iş­gär­le­ri hem yh­las bi­len zäh­met çek­ýär­ler. De­giş­li me­ýil­na­ma­lar esa­syn­da tür­gen­le­şik­le­riň ge­çi­ri­lip, ýaş­la­ry sport bi­len meş­gul­lan­ma­ga hö­wes­len­dir­mek ba­bat­da äh­li ta­gal­la­la­ryň edil­ýän­di­gi­ni aý­ra­tyn bel­le­mek ge­rek.
Sport – dost­luk, sag­dyn­lyk, pa­ra­hat­çy­lyk ýa­ly gym­mat­lyk­la­ry özün­de jem­le­ýär. Eziz Wa­ta­ny­myz Türk­me­nis­tan dün­ýä­de sag­dyn­ly­gyň we bag­ty­ýar­ly­gyň ýur­dy hök­mün­de ta­nal­ýar. Ýur­du­myz­da hal­ka­ra de­re­je­sin­de ge­çi­ri­len sport çä­re­le­ri, çem­pio­nat­lar aý­ra­tyn äh­mi­ýe­te eýe­dir. Mu­nuň şeý­le­di­gi­ne Ýa­pyk bi­na­lar­da we sö­weş sun­ga­ty bo­ýun­ça V Azi­ýa oýun­la­ry, «Amul – Ha­zar 2018» hal­ka­ra aw­to­ral­li­si, Agyr at­le­ti­ka bo­ýun­ça dün­ýä çem­pio­na­ty we Ku­raş bo­ýun­ça ХIV dün­ýä çem­pio­na­ty do­ly şa­ýat­lyk ed­ýär.
Ga­raş­syz ýur­du­myz­da bag­ty­ýar ne­sil­le­ri ke­ma­la ge­tir­mä­ge, sag­dyn dur­muş ýö­rel­ge­le­ri­ni giň­den wa­gyz et­mä­ge, köp­çü­lik­le­ýin be­den­ter­bi­ýä­ni, sport he­re­ket­le­ri­ni ös­dür­mä­ge uly äh­mi­ýet be­ril­ýär. Bu ugur­da mil­li mak­sat­na­ma­lar, top­lum­la­ýyn öz­gert­me­ler üs­tün­lik­li dur­mu­şa ge­çi­ril­ýär.

Ah­met EÝE­BER­DI­ÝEW,
Türk­men döw­let bi­na­gär­lik-gur­lu­şyk ins­ti­tu­ty­nyň ta­ly­by.

40 ýyl bol­dy

Kä­bir oýun­lar nä­çe köp ýyl geç­se-de äh­mi­ýe­ti­ni ýi­tir­me­ýär. Ru­bi­giň kub­ja­ga­zy, pazzl we tet­ris hem şeý­le oýun­la­r ha­sap­lan­ýar. Ýakynda Lon­don­da tet­ri­siň 40 ýyl­ly­gy my­na­sy­bet­li çä­re ge­çi­ril­di. Şä­he­riň «Ou­ter­net Lon­don» bi­na­sy­nyň daş­ky di­wa­ryn­da ýo­ka­ry du­ru­lyk­da tet­ris oý­ny oý­nal­dy. Çä­rä­niň çäk­le­rin­de gat­na­şy­jy­lar äpet ek­ran­da­ky oýun­la­ry öz te­le­fon­la­ryn­da oý­na­ma­ga müm­kin­çi­lik al­dy­lar.
Tet­ris 1984-nji ýyl­da Alek­seý Pa­žit­now at­ly prog­ram­ma­çy ta­ra­pyn­dan iş­le­nip taý­ýar­lan­dy. Ýö­ne­keý­di­gi­ne ga­ra­maz­dan, bu oýun hem­me­le­riň göw­nün­den tur­dy. Şon­dan soň­ra bu oýun gys­ga wagt­da bü­tin dün­ýä ýaý­ra­dyl­ýar. Bu oýun­da aşak­ly­gy­na gaýd­ýan dür­li geo­met­rik şe­kil­leri gys­ga wagt­da de­giş­li ýe­re ýer­leş­di­ril­me­li.

Göw­her MOL­LA­MY­RA­DO­WA,
Hal­ka­ra yn­san­per­wer ylym­la­ry we ösüş uni­wer­si­te­ti­niň ta­ly­by.

Kos­mos sy­ýa­ha­ty­ny ýo­la go­ýar

Hy­ta­ýyň «De­ep Blue Ae­ros­pace» kom­pa­ni­ýa­sy 2027-nji ýyl­dan baş­lap, or­bi­ta­nyň çä­gi­ne çen­li sy­ýa­ha­ty ýo­la go­ýar. Kom­pa­ni­ýa eý­ýäm 1,5 mil­li­on ýu­an­dan (210 müň dol­lar) iki bi­let sa­typ­dyr. Tä­sin sy­ýa­ha­tyň ýo­lag­çy­la­ry Ýer­den 100 ki­lo­met­re çen­li ýo­ka­ry ga­lyp, 5 mi­nut­lap, dar­tyş güý­jü­niň bol­ma­dyk ýe­rin­de bo­lar­lar. Şeý­le hem sy­ýa­hat­çy­lar Ýe­riň to­ga­lak­dy­gy­ny göz­le­ri bi­len gör­mä­ge müm­kin­çi­lik alar­lar. Bu sy­ýa­hat kos­mos gä­mi­si däl-de, ra­ke­ta ar­ka­ly ama­la aşy­ry­lar. Gaý­ta­dan ula­nyp bol­ýan ra­ke­ta­lar sy­ýa­ha­tyň ba­ha­sy­nyň ar­zan bol­ma­gy­na ge­ti­rer.
Hä­zir­ki wagt­da şeý­le sy­ýa­ha­ty beý­le­ki kä­bir kom­pa­ni­ýa­lar hem ýe­ri­ne ýe­tir­ýär. Em­ma «De­ep Blue Ae­ros­pace» şeý­le sy­ýa­ha­ty ama­la aşyr­jak il­kin­ji hy­taý kom­pa­ni­ýa­sy bo­lar.

Nä­zik­gül BER­DI­ÝE­WA,
Türk­me­nis­ta­nyň Te­le­kom­mu­ni­ka­si­ýa­lar we in­for­ma­ti­ka ins­ti­tu­ty­nyň ta­ly­by.

Çip ba­za­ry ös­ýär

Elekt­ron en­jam­la­ryň, aw­tou­lag­la­ryň we beý­le­ki se­riş­de­le­riň esa­sy bö­le­gi bo­lan çip­ler soň­ky ýyl­lar­da has kä­mil­leş­di­ril­di. Bu bol­sa, en­jam­la­ryň ön­dü­ri­ji­lik kuw­wa­ty­ny art­dyr­ma­ga ýar­dam ed­ýär. Şeý­le bo­lan­soň, bu ug­ra has köp ma­ýa go­ýum gö­nük­di­ril­ýär. Çak­la­ma­la­ra gö­rä, şu ýyl çip sa­tu­wy­nyň ge­çen ýy­la ga­ra­nyň­da 18,8 gö­te­rim ar­typ, 629,8 mil­liard dol­la­ra ýet­me­gi­ne ga­ra­şyl­ýar.
«Gart­ner» mas­la­hat be­riş kom­pa­ni­ýa­sy­nyň taý­ýar­lan mag­lu­ma­ty­na gö­rä, gel­jek ýyl çip sa­tu­wynyň 13,8 gö­te­rim ar­typ, 716,7 mil­liard dol­la­ra ýet­me­gi­ne ga­ra­şyl­ýar.
Soň­ky ýyl­lar­da eme­li aň çip­le­ri­ne hem has köp ma­ýa go­ýum gö­nük­di­ril­ýär.

Baý­ram­mu­ham­met GO­ŞU­NOW, Türk­men döw­let ma­li­ýe ins­ti­tu­ty­nyň ta­ly­by.

Teh­no­lo­gi­ýa kom­pa­ni­ýa­la­ry gir­de­ji­le­ri­ni art­dyr­dy

Dün­ýä­niň öň­de­ba­ry­jy teh­no­lo­gi­ýa kom­pa­ni­ýa­la­ry ýy­lyň üçün­ji çär­ýe­gi­ne de­giş­li ma­li­ýe ýag­da­ýy ba­ra­da ha­sa­bat ýaý­rat­dy. “Micro­soft” kom­pa­ni­ýa­sy iýul-sent­ýabr aý­la­ry ara­ly­gyn­da gir­de­ji­si­ni 16 gö­te­rim art­dy­ryp, 65,6 mil­liard dol­la­ra, aras­sa peý­da­sy­ny 11 gö­te­rim ýo­kar­lan­dy­ryp, 24,7 mil­liard dol­la­ra ýe­tir­me­gi ba­şar­dy. Teh­no­lo­gi­ýa ägir­di­niň eme­li aň we “bu­lut” teh­no­lo­gi­ýa­sy ugur­la­ryn­da­ky ösü­şi ga­ra­şy­lan­dan ýo­ka­ry gir­de­ji ga­zan­ma­gy­na ge­ti­rip­dir. Kom­pa­ni­ýa de­giş­li dö­wür­de her paý­na­ma üçin gir­de­ji­si­ni 2,99 dol­lar­dan 3,30 dol­la­ra çy­ka­ryp­dyr.
“Facebook”, “Ins­tag­ram” we “What­sApp” brend­le­ri­ne eýe­çi­lik ed­ýän “Me­ta” bol­sa gir­de­ji­si­ni 19 gö­te­rim art­dy­ryp, 40,5 mil­liard dol­la­ra, aras­sa peý­da­sy­ny 35 gö­te­rim ýo­kar­lan­dy­ryp, 15,6 mil­liard dol­la­ra ýe­ti­rip­dir.
Kom­pa­ni­ýa­nyň her paý­na­ma­dan al­ýan gir­de­ji­si 4,39 dol­lar­dan 6,03 dol­la­ra ýe­tip­dir.

Il­kin­ji tran­zis­tor­ly ra­dio­

1954-nji ýy­lyň 1-nji no­ýab­ryn­da «Se­na­gat ösü­şi we in­že­ner­çi­lik as­so­sia­si­ýa­la­ry» (IDEA) dün­ýä­de il­kin­ji tä­jir­çi­lik mak­sa­dy bi­len tran­zis­tor­ly «Re­gency TR-1» ra­dio­sy­ny sa­typ baş­la­ýar. «Texas Inst­ru­ments» kom­pa­ni­ýa­sy tran­zis­tor­ly ra­dio­ny iş­läp düz­ýär, soň bol­sa taý­ýar ra­dio­ny ön­dür­mek üçin IDEA bi­len hyz­mat­daş­lyk e­dýär. Önüm­çi­li­giň il­kin­ji ýy­lyn­da, tak­my­nan, 100 müň ra­dio sa­tyl­ýar.

Türkmenistanyň DIM-de Fransiýanyň Ilçisi bilen duşuşyk geçirildi

31-nji oktýabrda Türkmenistanyň DIM-de Daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow bilen Fransiýanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi jenap Filipp Merleniň arasynda duşuşyk geçirildi.
Duşuşykda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ýagdaýy barada gyzyklanma bildirilýän pikir alyşmalar geçirildi. Syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ugurlardaky hyzmatdaşlygy öz içine alýan gatnaşyklaryň yzygiderli esasda ösdürilýänligi aýratyn bellenildi.
Taraplaryň halkara guramalaryň çäklerindäki alyp barýan gatnaşyklarynyň oňyn tejribesi hem ara alnyp maslahatlaşyldy.
Diplomatlar energetika, logistika, gurluşyk, oba hojalygy we «ýaşyl tehnologiýalar» ýaly ugurlar boýunça söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy giňeltmegiň meselelerine garadylar.
Taraplar speleologiýa, arheologiýa we fransuz dilini öwrenmek boýunça netijeli hyzmatdaşlygy bellediler.
Duşuşygyň ahyrynda söhbetdeşler ikitaraplaýyn gatnaşyklary mundan beýläk-de giňeltmäge taýýardyklaryny beýan etdiler.

Gana Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçisi diplomatik işini tamamlaýar

31-nji oktýabrda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow diplomatik işini tamamlaýan Gana Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi (oturýan ýeri Tähran ş.) Erik Owusu-Boateng bilen duşuşyk geçirdi.
Duşuşygyň dowamynda taraplar iki ýurduň özara gyzyklanma bildirýän ähli ugurlarynda ikitaraplaýyn gatnaşyklary pugtalandyrmaga ygrarlylygyny tassykladylar. Ikinji syýasy geňeşmeleri, şeýle hem iki ýurduň işewür toparlarynyň arasynda duşuşyklary geçirmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Duşuşygyň ahyrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary ikitaraplaýyn türkmen-gana gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga goşan goşandy üçin Ilçä sagbolsun aýtdy we geljekki işlerinde üstünlikleri arzuw etdi.
Öz gezeginde Ilçi Türkmenistanda diplomatik wezipesini durmuşa geçirmekde berlen hemmetaraplaýyn goldaw we ýardam üçin türkmen tarapyna tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi.

Ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk pugtalandyrylýar

30-njy oktýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygynyň orunbasary, Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-rus toparynyň rus böleginiň başlygy Alekseý Owerçugy kabul etdi.
Myh­man du­şuş­ma­ga dö­re­di­len müm­kin­çi­lik üçin tüýs ýü­rek­den ho­şal­ly­gy­ny bil­di­rip, döw­let Baş­tu­ta­ny­my­za, şeý­le hem türk­men hal­ky­nyň Mil­li Li­de­ri, Türk­me­nis­ta­nyň Halk Mas­la­ha­ty­nyň Baş­ly­gy Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­za Rus­si­ýa Fe­de­ra­si­ýa­sy­nyň Pre­zi­den­ti Wla­di­mir Pu­ti­niň, RF-niň Hö­kü­me­ti­niň Baş­ly­gy Mi­ha­il Mi­şus­ti­niň mä­hir­li sa­la­my­ny, türk­men hal­ky­na aba­dan­çy­lyk, gül­läp ösüş ha­kyn­da­ky ar­zuw­la­ry­ny ýe­tir­di. Şu­nuň bi­len bir­lik­de, Rus­si­ýa­nyň Türk­me­nis­tan bi­len däp bo­lan dost­luk­ly gat­na­şyk­la­ra yg­rar­ly­dy­gy tas­syk­la­nyl­dy.
Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz myh­ma­ny mü­bä­rek­läp, öz ge­ze­gin­de, Rus­si­ýa Fe­de­ra­si­ýa­sy­nyň ýol­baş­çy­la­ry­na mä­hir­li sa­la­my­ny, iň go­wy ar­zuw­la­ry­ny be­ýan et­di hem-de döw­le­ta­ra hyz­mat­daş­ly­gyň stra­te­gik hä­si­ýe­te eýe­di­gi­ni nyg­ta­dy. Döw­let Baş­tu­ta­ny­my­zyň bel­leý­şi ýa­ly, Türk­me­nis­tan oňyn Bi­ta­rap­lyk ýö­rel­ge­si­ne esas­lan­ýan da­şa­ry sy­ýa­sa­ty dur­mu­şa ge­çi­rip, Rus­si­ýa bi­len kö­pu­gur­ly gör­nüş­de, ab­raý­ly hal­ka­ra gu­ra­ma­la­ryň çäk­le­rin­de ne­ti­je­li hyz­mat­daş­lyk ed­ýär. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, hormatly Prezidentimiz RF-niň Ta­ta­rys­tan Res­pub­li­ka­sy­nyň paý­tag­tyn­da ge­çi­ri­len XVI BRICS sam­mi­ti­niň ýo­ka­ry de­re­je­si­ni we äh­mi­ýe­ti­ni bel­läp, onuň döw­le­ta­ra hyz­mat­daş­ly­gyň mö­hüm me­se­le­le­ri­ni ara alyp mas­la­hat­laş­mak üçin açyk meý­dan­ça bo­lan­dy­gy­ny aýt­dy.
Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz Rus­si­ýa Fe­de­ra­si­ýa­sy­nyň Hö­kü­me­ti­niň Baş­ly­gy­nyň orun­ba­sa­ry­nyň Aş­ga­ba­da şu ge­zek­ki sa­pa­ry­nyň iki ýur­duň ara­syn­da­ky yzy­gi­der­li hö­kü­me­ta­ra dia­lo­gy ber­kit­mek­dä­ki äh­mi­ýe­ti­ne ün­si çe­kip, onuň türk­men kär­deş­le­ri bi­len öza­ra bäh­bit­li hyz­mat­daş­ly­gy iler­let­mä­ge gö­nük­di­ri­len gep­le­şik­le­ri­niň ne­ti­je­li geç­me­gi­ni ar­zuw et­di.
Du­şu­şy­gyň do­wa­myn­da iki­ta­rap­la­ýyn hyz­mat­daş­ly­gyň ile­ri tu­tul­ýan me­se­le­le­ri ba­ra­da gy­zyk­lan­ma bil­di­ri­lip pi­kir al­şyl­dy. Şun­da dost­luk, yna­nyş­mak, deň­hu­kuk­ly­lyk ýö­rel­ge­le­ri­ne esas­lan­ýan türk­men-rus gat­na­şyk­la­ry­nyň hä­zir­ki dö­wür­de äh­li ugur­lar bo­ýun­ça üs­tün­lik­li ös­dü­ril­ýän­di­gi bel­le­nil­di. Sy­ýa­sy dia­log yzy­gi­der­li pug­ta­lan­dy­ryl­ýar, iş­jeň par­la­men­ta­ra hyz­mat­daş­lyk al­nyp ba­ryl­ýar. Türk­me­nis­tan bi­len Rus­si­ýa Fe­de­ra­si­ýa­sy­nyň se­bit­le­ri­niň ara­syn­da ne­ti­je­li gat­na­şyk­lar ýo­la go­ýul­dy. Söw­da-yk­dy­sa­dy ul­gam türk­men-rus hyz­mat­daş­ly­gy­nyň mö­hüm ug­ry bo­lup dur­ýar. Köp ýyl­lar­dan bä­ri Rus­si­ýa Fe­de­ra­si­ýa­sy ýur­du­my­zyň esa­sy söw­da hyz­mat­daş­la­ry­nyň bi­ri­dir. Bi­le­lik­dä­ki hö­kü­me­ta­ra to­par hem ne­ti­je­li iş­le­ri alyp bar­ýar, onuň çäk­le­rin­de iki­ta­rap­la­ýyn hyz­mat­daş­ly­gyň me­se­le­le­ri­niň tu­tuş top­lu­my bo­ýun­ça ta­gal­la­lar ut­gaş­dy­ryl­ýar.
Yn­san­per­wer ul­gam türk­men-rus hyz­mat­daş­ly­gy­nyň mö­hüm ugur­la­ry­nyň bi­ri­dir. Şun­da bi­lim, ylym, me­de­ni­ýet, sag­ly­gy go­ra­ýyş ugur­la­ry bo­ýun­ça ne­ti­je­li gat­na­şyk­lar aý­ra­tyn or­ny eýe­le­ýär. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, iki ýur­duň hem öza­ra bäh­bit­li kö­pu­gur­ly hyz­mat­daş­ly­gy ös­dür­me­gi mak­sat edin­ýän­di­gi tas­syk­la­nyl­dy. Ol ýurt­la­ry­my­zyň uzak möh­let­le­ýin gy­zyk­lan­ma­la­ry­na we döw­le­ta­ra gat­na­şyk­la­ryň stra­te­gi­ýa­sy­na ga­bat gel­ýär.
Du­şu­şy­gyň ahy­ryn­da hormatly Prezidentimiz Ser­dar Berdimuhamedow hem-de Rus­si­ýa Fe­de­ra­si­ýa­sy­nyň Hö­kü­me­ti­niň Baş­ly­gy­nyň orun­ba­sa­ry, Yk­dy­sa­dy hyz­mat­daş­lyk bo­ýun­ça hö­kü­me­ta­ra türk­men-rus to­pa­ry­nyň rus bö­le­gi­niň baş­ly­gy Alek­seý Ower­çuk bi­rek-bi­re­ge iň go­wy ar­zuw­la­ry­ny be­ýan edip, umu­my bäh­bit­le­re la­ýyk gel­ýän türk­men-rus hyz­mat­daş­ly­gy­nyň mun­dan beý­läk-de üs­tün­lik­li ös­dü­ril­jek­di­gi­ne we tä­ze ma­ny-maz­mun bi­len baý­laş­dy­ryl­jak­dy­gy­na ynam bil­dir­di­ler.

* * *

Şol gün paý­tag­ty­myz­da Yk­dy­sa­dy hyz­mat­daş­lyk bo­ýun­ça hö­kü­me­ta­ra türk­men-rus to­pa­ry­nyň baş­lyk­la­ry­nyň du­şu­şy­gy ge­çi­ril­di. Du­şu­şyk­da ge­çen dö­wür­de ýe­ri­ne ýe­ti­ri­len iş­le­riň je­mi jem­le­nip, iki­ta­rap­la­ýyn hyz­mat­daş­ly­gyň me­se­le­le­ri­niň giň top­lu­my­na ga­ral­dy we onuň uzak möh­let­le­ýin gel­je­ge gö­nük­di­ri­len ugur­la­ry kes­git­le­nil­di.

«Magtymguly we onuň dünýä medeniýetindäki orny» atly halkara ylmy-amaly maslahat geçirildi

28-nji oktýabrda Paşkow öýünde Russiýanyň Döwlet kitaphanasynyň aýdym-saz neşirleri we ses ýazgylary bölüminiň konsert zalynda gibrid görnüşde Gündogaryň nusgawy şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna bagyşlanan «Magtymguly we onuň dünýä medeniýetindäki orny» atly halkara ylmy-amaly maslahat geçirildi.

Maslahat Russiýanyň Döwlet kitaphanasy bilen bilelikde Nury Halmämmedow adyndaky «Dutaryň owazy» VIII Moskwa Halkara sungat festiwalynyň çäginde guraldy.

Çärä Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky Ilçisi E.Aýdogdyýew, Russiýanyň Döwlet kitaphanasynyň Baş direktory W.Duda we Nury Halmamedow adyndaky Moskwa halkara sungat festiwalynyň art-direktory, kompozitor M.Guseýnow, şeýle hem Türkmenistanyň we Russiýanyň ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlary, Magtymguly Pyragynyň eserlerini okyjylar onlaýn we oflaýn görnüşde gatnaşdylar.

Maslahatyň dowamynda Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň parahatçylyk, dost-doganlyk, hoşniýetlilik, ynsanperwerlik ýaly umumadamzat gymmatlyklaryny wagyz edýändigi we medeniýetleriň arasyndaky gatnaşyklary giňeltmek, ýurtlaryňdyr halklaryň ýakynlaşmagy üçin köpri bolup hyzmat edýändigi bellenildi.

Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky Ilçisi Russiýanyň Döwlet kitaphanasyna edebiýat, milli baýlyklar, medeniýet baradaky kitaplary, şol sanda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow we Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow tarapyndan ýazylan birnäçe kitaplar, Magtymguly Pyragynyň saýlanan eserleriniň ýygyndysynyň ýubileý nusgalary sowgat berildi.