“5G”-iň ornaşdyrylmagy 4G-den has tiz başa baryp, bary-ýogy dört ýylda dünýäde 1,5 milliard töweregi baglanyşyk hasaba alyndy. Bu barada “Huawei” kompaniýasynyň baş direktory Ken Hu aýtdy. Ken Huwuň sözlerine görä, aragatnaşyk operatorlary dünýä ilatynyň ýarysyna golaýyny öz içine alýan 5G-niň 260 ulgamyny ýaýbaňlandyrdylar. 5G aragatnaşyk operatorlary üçin täze ösüş motorydyr.
GSMA-nyň baş direktory Mats Granryd, 4G-iň bir milliard baglanyşyga ýetmek üçin 12 ýyl gerek bolandygyny, 5G-e bolsa bary-ýogy üç ýyl gerek bolandygyny aýtdy. GSMA-nyň maglumatlaryna görä, 2035-nji ýyla çenli 5G baglanyşygynyň sany 5,2 milliarda deň bolar.
5G-niň ornaşdyrylmagy 4G-den has tiz boldy
“Pariž Masters”-iň 7-nji gezek ussady
Möwsümiň iň soňky, ýagny 9-njy “Masters” ýaryşy – “Pariž Masters” tennis bäsleşiginde Nowak Jokowiç çempionlyk gazandy. Serbiýaly tennisçi finalda bolgariýaly Grigor Dimitrowy 6:4 we 6:3 hasaplar bilen ýeňip, “Pariž Masters” ýaryşyndaky 7-nji çempionlygyny baýram etdi. Bu görkeziji ýaryşyň rekordyna deňdir. 36 ýaşyndaky tennisçi mundan öň Parižde 2009-njy, 2013-nji, 2014-nji, 2015-nji, 2019-njy hem-de 2021-nji ýyllarda çempionlyk gazanypdy. Bu Jokowiçiň 40-njy “Masters”, şol sanda 97-nji ATP Kubogy hökmünde hasaba alyndy. Jokowiç umumy baýrak gaznasy 5 million 779 müň 335 ýewro deň bolan ýaryşda 892 müň 590 ýewrolyk pul baýragy bilen sylaglandy.
51-nji gezek geçirilen ýaryşyň jübütleýn bäsleşiginde meksikaly Santiago Gonzales bilen fransiýaly Eduar Rojer-Wasselin ikisi çempionlyk gazandy.
«Altyn Asyr» – «Merw» jogap duşuşygynyň petekleri satuwa çykaryldy
AFK Kubogynyň toparçalardaky 4-nji duşuşyklary şu hepdäniň penşenbe güni oýnalar. Ýurdumyzyň adyndan wekilçilik edýän 2 toparyň «Altyn Asyr» bilen «Merw» klublarynyň «E» toparçdaky özara 2-nji duşuşygy 9-njy noýabrda oýnalar. «Aşgabat» köpugurly stadionynda geçiriljek duşuşyk sagat 19:00-da başlanar. Duşuşygyň petekleri şu gün satuwa çykaryldy. Iki futbol toparynyň mundan ozalky duşuşygy 26-njy oktýabrda şol stadionda geçirilip, «Altyn Asyr» 2-1 hasabynda ýeňiş gazanypdy.
30 manatdan satylýan petekleri «Aşgabat» köpugurly stadionynyň kassalaryndan, şol sanda «Berkarar», «Gülzemin» söwda-dynça alyş merkezlerindäki hem-de «Garaşsyzlygyň 15 ýyllygy» söwda merkezindäki degişli nokatlardan hem satyn almak bolar. Şeýle-de, petekler welaýat merkezlerinde hem satylýar. «Aşgabat» köpugurly stadionynyň kassalary 08:00-dan 21:00-a çenli dynç günsüz işleýär.
Habarlaşmak üçin telefon belgisi: +993 (12) 95-50-37.
Azmun “Serie A”-daky ilkinji goluny geçirdi
Italiýanyň çempionaty “Serie A”-da 11-nji tapgyrda “Roma” öz meýdançasynda “Leççeni” kabul etdi. Çekeleşikli geçen oýnuň 1-nji ýarymynda hasap açylmady. 2-nji ýarymda 3 gol geçirilip, ilki myhmanlar hasaby açdy. Duşuşygyň 72-nji minutynda Pontus Almkwist “Leççeni” 1-0 öňe saýlady. Ýöne Žoze Mourinionyň şägirtleri ruhdan düşmän ýeňiş gazanmagy başardy. “Roma” topary ýeňiş gollaryny 90-njy minutdan soň geçirdi. 73-nji minutda oýna giren Serdar Azmun 90+1-nji minutda hasaby deňlese, 90+4-nji minut Romelu Lukaku toparyna ýeňiş getirdi. Belgiýaly hüjümçi 4-nji minutda penaltini dürs urup bilmändi. Eýranly futbolçy Serdar Azmun “Serie A”-daky ilkinji goluny geçirdi.
Bu ýeňişden soň Rim derbisiniň öňüsyrasynda utugyny 17-ä çykaran “Roma” 7-nji orna beýgeldi.
Iň uly gämi taslamasy
Italiýanyň “Lazzarini” binagärlik studiýasy dünýäniň iň gymmat ýahtasynyň taslamasy bilen tanyşdyrdy. Pyşbaga meňzedilip dizaýn edilen we söwda merkezlerinden restoranlara, plazalardan jaýlara çenli köp binany öz içine alýan ýahtanyň bahasy 8 milliard dollara barabar bolar. Super, mega we gigaýahtadan has uly gämilere teraýahta diýilýär. Mundan ozal hem superýahtalaryň birnäçesini dizaýn eden “Lazzarini” aşa lýuks we gymmat bahaly täze teraýahta taslamasynyň üstünde işleýändigini habar berdi. Iň uly ýüzýän gurluş boljak gäminiň uzynlygy 550 metr, ini 610 metr boljakdygy mälim edildi. “Ýüzýän” şäher bolan ägirt uly ýahtada myhmanhanalar, söwda merkezleri, seýilgähler we hatda kiçi gämiler we uçarlar üçin portlar bolar. Beýleki tarapdan, pyşbaga görnüşinde guruljak bu ägirt uly ýahtanyň Saud Arabystanynda guruljakdygy we Jidde şäheriniň demirgazygyndaky Patyşa Abdylla portundan gurluşyk işleri üçin ýeriň saýlanandygy mälim edildi. Bu taslamanyň 2033-nji ýylda gurlup tamamlanjakdygy mälim edilýär.
Gurbanberdi Muhammetberdiýew, Türkmen döwlet maliýe institutynyň talyby.
Tramp bäş möhüm ştatda öňde barýar
Amerikanyň “The New York Times” gazetiniň geçiren pikir soralyşygyna laýyklykda, ABŞ-nyň öňki Prezidenti Donald Tramp, 6 sany “yrga” ştatyň 5-sinde 2024-nji ýylda boljak saýlawlarda saýlawçylaryň goldawy boýunça häzirki Prezident Jo Baýdenden öňde barýar.
Gazet bu pikir soralyşygy amerikan kolleji “Siena” bilen bilelikde geçirdi. Pikir soralyşyga görä, Baýden diňe Wiskonsin ştatynda Trampdan öňde barýar. Galan Jorjiýa, Newada, Arizona, Miçigan we Pensilwaniýa ýaly 5 ştatda Tramp öňe saýlanýar. Bu alty ştat 2024-nji ýylda geçiriljek Prezident saýlawlarynda ýeňijini kesgitlemekde iň möhüm ştatlar hasaplanýar, sebäbi bu sebitlerde “ikirjiňlenýän” saýlawçylaryň has köpüsi ýaşaýar. Bu bolsa, dalaşgärleriň ikisiniň hem bu ştatlarda deň derejede meşhurdygyny görkezýär.
NYT-nyň maglumatlaryna görä, pikir soralyşyga gatnaşanlaryň köpüsi ykdysadyýet meselesinde Trumpa has köp ynanýandyklaryny aýtdylar. Şeýle hem saýlawçylaryň immigrasiýa, milli howpsuzlyk we halkara meseleleriniň çözülmeginde Ak tamyň öňki ýolbaşçysyny ileri tutýandyklary belli boldy.
ABŞ-nyň indiki Prezident saýlawlary 2024-nji ýylyň noýabr aýynda geçiriler. Oňa Respublikan partiýanyň dalaşgäri hökmünde, Ak tamyň öňki ýolbaşçysy Donald Tramp, Florida ştatynyň gubernatory Ron Desantis, işewür Wiwek Ramaswamy, ABŞ-nyň BMG-däki ozalky hemişelik wekili Nikki Heýli, Günorta Karolina ştatynyň senatory Tim Skott we Nýu-Jersi ştatynyň öňki gubernatory Kris Kristi we beýlekiler gatnaşmak isleýär. Aprel aýynda Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň häzirki Prezidenti Jozef Baýden Demokratik partiýadan gaýtadan saýlanmak isleýändigini aýtdy.
Geleşikleriň jemi bahasy 3 million 214 müň dollardan gowrak boldy
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 36-sy hasaba alyndy.
Daşary ýurt puluna Birleşen Arap Emirlikleriniň işewür toparlarynyň wekilleri “Türkmennebit” döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen uçar kerosinini satyn aldylar.
Mundan başga-da, daşary ýurt puluna Türkiýäniň, BAE-niň, Pakistanyň, Belarusuň, Azerbaýjanyň, Gyrgyzystanyň, Özbegistanyň telekeçileri biz we aşgarlanmadyk matany, tekiz boýalan hem-de žakkard tüýjümek önümleri, nah ýüplügi, dokma galyndylaryndan dikeldilen süýümi we egirme önümçiliginiň galyndylaryny satyn aldylar. Geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 3 million 214 müň dollaryndan gowrak boldy.
Ýurdumyzyň işewürleri içerki bazar üçin jemi bahasy 18 million 326 müň manatdan gowrak bolan polipropileni (“Türkmennebit” döwlet konserni), el halylaryny, jins önümlerini, flanel matany we nah ýüplügi satyn aldylar.
“The Nature Conservancy” bäsleşiginiň iň gowy suratlary mälim edildi
Tebigaty goraýyş guramasy “The Nature Conservancy” 2023-nji ýylyň surat bäsleşiginiň ýeňijilerini mälim etdi.
Şu ýyl dalaşgärleriň sany iki esse artdy: Olaryň arasynda Gwatemaladaky asuda merjen rifiniň suratyndan başlap, Hindistanda bir-birine harçaňlaşýan iki ýolbarsyň suratyna çenli düli suratlar göze ilýär. Fotosuratçylaryň abraýly emin agzasy Hawýer Aznar, Smita Şarma, Morgan Heým we tanymal tebigat suratçysy Frans Lanting 80 müňden gowrak suratçynyň düşüren 189 müňden gowrak işleriň içinden ýeňijileri saýladylar.
Bäsleşigiň esasy baýragyny gurbaganyň ýumurtgasy bilen gurşalan tritonyň suwasty suraty üçin wengriýaly Tibor Litauşki gowşuryldy.
Marlon Brandonyň göwher ýüzügi satylar
Ženewada guraljak auksionda dürli şaý-sepler, sagatlar, zynatly torbalaryň satylmagyna garaşylýar.
Şeýle hem, auksionda agramy 17 karatdan gowrak bolan göwher ýüzügi satylar. Bu satuwda hödürlenýän iň gymmat bahaly mawy daşdyr. Onuň başlangyç bahasy 39 million dollara deň bolar.
Ýene-de bir ajaýyp zat, “Rim kanikuly” filminde Odri Hepberniň dakynan merjen monjugy satylar.
Şeýle hem aktýor Marlon Brandonyň dakynan sagatlary bilen birlikde 100-e golaý goşar sagady auksiona çykarylýar.
Iň owadan ýarganat saýlandy
ABŞ-da iň owadan ýarganaty saýladylar. Birinji orny Wilýam Şekspir atly ýarganat eýeledi. Ýarganatyň suraty Oregon ştatynda zoolog Emma Bask tarapyndan düşürildi. Emin agzalary onuň suratyna beýlekileriň arasynda iň gowusy hökmünde baha berdiler.
Bu jandarlaryň arasynda gözellik bäsleşigi her ýyl geçirilýär, ol Halkara golganatlylar hepdeligine gabat gelýär. Onuň maksady görnüşleriň goralyp saklanmagy barada habardarlygy ýokarlandyrmakdyr. Jemgyýetçilik ulgamlarynyň ulanyjylary bu bäsleşigiň emin agzalary hökmünde çykyş edip, sesleriň ýönekeý köplügi bilen ýeňijini saýlaýarlar.
Garpyz diňini gurup, rekordlar kitabyna girdi
Eýranyň ýaşaýjysy Aşkan Roholla Doşmanziari dört sany garpyzy bir-biriniň üstünde goýup, Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi. Erkek kişiniň sözlerine görä, ol bu işi etmek üçin birnäçe aý türgenleşmeli bolupdyr.
43 ýaşly gurluşyk kompaniýasynyň başlygy Aşkan Roholla çagalyk ýyllarynda kakasynyň şereketinde işläninde garpyzdan diň gurmaga synanyşypdyr. Ol Ginnesiň rekordlar kitabyna girmek maksady bilen uzak wagtlap deňagramlylygy tapmak üçin türgenleşik geçiripdir. Indi zähmetiniň ýerine düşüp, öz adynyň taryhda galandygyna diýseň begenýär.
-Umuman aýdanymda, zatlaryň biri-biriniň üstünde ýerleşdirilmegini halaýaryn, sebäbi bu gözelligiň we durnuklylygyň nyşany – diýip ol aýtdy.
Emeli aň neýrohirurglara kömek edýär
Beýik Britaniýada emeli aň neýrohirurglaryň işine kömek edýär. Newrologiýa we neýrohirurgiýa milli hassahanasynyň maglumatlaryna görä, lukmanlar indi möhüm operasiýalary has ygtybarly we netijeli amala aşyryp bilerler. Londonyň uniwersitet kollejinde işlenip düzülen ulgam, beýnidäki duýgur gurluşlary ýüze çykarmaga gönükdiriledir. Ýagny, ýerine ýetirilýän operasiýa hakyky wagtda wideo translýasiýada ýazgy edilýär. Bu wideo emeli aň bilen gaýtadan işlenilýär. Taslamanyň awtorlarynyň pikiriçe, ulgam eýýäm gipofiz çişini aýyrmak boýunça 200-den gowrak operasiýanyň wideo ýazgylaryny seljerdi.
PSŽ häzirlikçe 1-nji orna geçdi
Fransiýanyň çempionatynda 11-nji tapgyryň açylyş duşuşygynda soňky çempion PSŽ topary öz meýdançasynda «Monpelie» toparyny kabul etdi. Ýer eýeleriniň doly artykmaçlygynda geçen oýunda parižliler 3-0 hasabynda ýeňiş gazandy. Duşuşykda PSŽ toparyna ýeňiş getiren gollary 10-njy minutda Lin Kan-In, 58-nji minutda Zair-Emeri hem-de 66-njy minutda Witinýa geçirdi. 1-3-nji gollaryň pasyny Aşraf Hakimi, 2-nji goluň pasyny bolsa Usman Dembele berdi. Bu ýeňişden soň, PSŽ 1 oýny artykmaç sanawyň 1-nji basgançagyna beýgeldi.
Dokma önümlerini gaýtadan işleýän ilkinji zawod
Şwesiýanyň Malmýo şäherinde dürli dokma önümlerini gaýtadan işleýän dünýäde ilkinji zawod işläp başlady. Bu ýerde matalaryň dürli görnüşleri awtomatik usulda sortlanyp, gaýtadan işlenilýär. Munuň üçin ýörite optiki sensorlar ulanylýar. Häzirki wagtda kompaniýa sagatda 4,5 tonna çenli dokma önümlerini gaýtadan işleýär. Taslama Şwesiýanyň daşky gurşawy öwreniş instituty tarapyndan işlenip düzüldi. Egin-eşik öndürijiler, dizaýner brendleri we ýerli häkimiýetler kärhananyň hyzmatdaşlary bolup çykyş edýärler. Moda pudagy daşky gurşawy hapalaýan iň esasy ugurlaryň biri hasaplanýar. Hünärmenleriň pikiriçe, dünýädäki hapa suwlaryň 20%-ini we kömürturşy gazynyň 10% -ini moda pudagy emele getirýär.
– Bizde garyşyk dokma önümleriniň uly mukdary saklanyp, öň olary gaýtadan işlemek üçin süýümlere bölmeli bolýardy. Bu işi awtomatlaşdyrsaň has çalt başa barýar. Enjam süýümiň düzüminiň nämedigini takyk kesgitleýär. Netijede, ýokary hilli arassa önümi alýarys – diýip, kärhananyň işgäri Anna Wilen aýdýar.
Internet kompaniýalarynyň girdejileri artdy
Hytaýyň internet ulgamynda iş alyp kompaniýalary şu ýylyň üç çärýeginde ýokary girdeji gazandylar. Ýurduň Senagat we sanly tehnologiýalar ministrliginiň maglumatlaryna görä, kompaniýalaryň peýdasy dokuz aýyň dowamynda geçen ýylyň degişli döwründäkiden 18,2 göterim artyp, 95,93 milliard ýuana (13,36 milliard dollar) ýetipdir. Girdeji babatda bolsa, 3,4 göterim ösüş gazanylyp, 1,03 trillion ýuana ýetipdir.
Hytaýyň iri internet kompaniýalarynyň we şol ugurda hyzmat hödürleýän beýleki kompaniýalaryň amaly girdejileri ýylda ortaça 20 million ýuana ýetýär.
Hytaýyň “Baidu”, Tencent” “Alibaba”, JD.com.” we “WeChat” ýaly iri kompaniýalary dürli ugurlarda iş alyp barýarlar hem-de täze tehnologiýalary işläp taýýarlaýarlar.
Muhammet Meredow, Türkmen döwlet maliýe institutynyň talyby.
PDF