3-nji noýabrda Astanada Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary B.Mätiýew Türki Döwletleriň Guramasynyň (TDG) Daşary işler ministrleriniň geňeşiniň nobatdaky mejlisine gatnaşdy.
Mejlisiň işine şeýle hem Azerbaýjanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Türkiýäniň, Özbegistanyň we Wengriýanyň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary, TDG-niň, TürkPA-nyň we TÜRKSOÝ-yň baş sekretarlary, Türki akademiýasynyň, Türki medeniýeti we mirasy gaznasynyň, Türki maýa goýum gaznasynyň ýolbaşçylary we TDG-niň Ýaşulular geňeşiniň başlygy gatnaşdy.
Duşuşygyň dowamynda halkara we sebit gün tertibiniň wajyp meseleleriniň giň toplumy boýunça pikir alşyldy. TDG-niň çäginde hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlaryna, hususan-da, ykdysadyýet, söwda we ulag pudaklaryndaky özara gatnaşyklara aýratyn üns berildi.
Şu nukdaýnazardan, B.Mätiýew ýangyç-energetika toplumy, önümçilik hyzmatdaşlygy, ykdysadyýetiň senagat pudaklary, oba hojalygy, “ýaşyl” ykdysadyýet, maýa goýumlary ýaly özara gatnaşyklaryň ileri tutulýan ugurlary boýunça Guramanyň çäklerinde ýurtlaryň arasyndaky oňyn tejribäni nygtady. Ählumumy energiýa howpsuzlygyny, durnukly ulag-logistika ulgamyny üpjün etmek we daşky gurşawy goramak meselelerinde dünýä jemgyýetçiliginiň tagallalaryny birleşdirmegiň ähmiýeti beýan edildi.
Duşuşykda Türki Döwletleriň Guramasynyň 10-njy sammitiniň gün tertibine seredildi we iň ýokary derejede gol çekilmegi meýilleşdirilýän resminamalaryň taslamalary ylalaşyldy.