Pakistanyň halk partiýasynyň egindeş başlygy Asif Ali Zardari Pakistanyň Prezidenti wezipesine saýlandy. Ol Pakistanyň Premýer-ministri Şahbaz Şerifiň ýolbaşçylygyndaky bileleşigiň dalaşgäridir. Maglumatlara görä, Zardari saýlawlarda 411 saýlaw wekiliniň sesini aldy. Onuň bäsdeşi Mahmud Han Açakzaý bolsa, 181 sese eýe boldy.
Prezident saýlawlary 9-njy martda geçirildi. Pakistanyň Konstitusiýasyna laýyklykda, bu syýasy çäre parlament saýlawlaryndan bir aý soň ýa-da häzirki döwlet Baştutanynyň prezidentlik ygtyýarlygynyň gutarmagyna bir aý galanda geçirilýär.
8-nji fewralda Pakistanda Milli mejlise (parlamentiň aşaky palatasy) saýlawlar geçirildi, netijede, Pakistanyň musulman ligasy 75 parlament ornuna eýe boldy. Pakistanyň halk partiýasy bolsa 54 orna eýe boldy. Şonda soň taraplar bileleşen hökümetini döretmek barada ylalaşyk gazandylar.
Zardari 1955-nji ýylyň 26-njy iýulynda Päkistanyň Sind welaýatynda dünýä indi. Onuň kakasy Hakim Ali Zardari, işewür, syýasatçy, öz wagtynda korrupsiýa garşy göreş boýunça hökümet guramasyna ýolbaşçylyk edipdi. Londonyň Ykdysadyýet we işewürlik mekdebinde bilim alan Asif Ali Zardari şol ýerde bakalawr derejesini aldy. Asif Ali Zardari 2008-2013-nji ýyllar aralygynda ýurduň Prezidenti boldy. Zardari 1987-nji ýylda Benazir Bhutto bilen durmuş gurdy. Bhutto şol wagtlar Pakistanyň halk partiýasynyň başlygy bolup, 1988-1990 we 1993-1996-njy ýyllar aralygynda hökümete ýolbaşçylyk edipdi.
Ýatlap geçsek, 3-nji martda Pakistanyň musulman ligasynyň başlygy Şahbaz Şerif Pakistan Yslam Respublikasynyň täze Premýer-ministri wezipesine saýlandy.