Islandiýanyň hökümet başlygy Katrin Ýakobsdouttir koronawirus pandemiýasy döwründe özüniň gowy görýän işine wagt tapyp, detektiw roman ýazandygyny gürrüň berdi. Ol bu romanyň üstünde detektiv ýazyjy Ragnar Jonasson bilen birlikde işledi.
Premýer-ministriň “Reýkýawik” romany 25-nji oktýabrda Islandiýada neşir edildi. Premýer-ministr 1999-njy ýylda Islandiýa uniwersitetini filologiýa bölümini gutarýar. Şeýle hem, island edebiýaty boýunça magistrlik dissertasiýasyny goraýar.
Hökümetiň başlygy çeper eserleri okamaga wagt tapýandygyny, esasan hem, jenaýat işlerini alyp barýan aňtaýjylar baradaky eserleri halaýandygyny gürrüň berdi.
Täze kitapdaky wakalar 1986-njy ýylda, Reýkýawigiň 200 ýyllygy bellenýän wagty hem-de şäherde ABŞ-nyň Prezidenti Ronald Reýgan bilen SSSR-iň Baş sekretary Mihail Gorbaçýowyň duşuşýan wagty bolup geçýär.