Ösüş­ler­den ösüş­le­re bar­ýan ýur­du­my­zyň her bir gü­ni şat­lyk­ly wa­ka­la­ra, hoş ha­bar­la­ra, uly üs­tün­lik­le­re bes­len­ýär. Türk­men hal­ky­nyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň döw­let­li baş­lan­gyç­la­ryn­dan göz­baş alyp, hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz ta­ra­pyn­dan üs­tün­lik­li do­wam et­di­ril­ýän bu iş­ler dün­ýä döw­let­le­ri bi­len hoş­ni­ýet­li goň­şu­çy­lyk, dost-do­gan­lyk, öza­ra dü­şü­niş­mek ýö­rel­ge­le­ri­ne esas­lan­ýan me­de­ni-yn­san­per­wer gat­na­şyk­lar­da, söw­da-yk­dy­sa­dy hyz­mat­daş­lyk­lar­da aý­dyň ýü­ze çyk­ýar. Mu­nuň özi şol bir wagt­da he­mi­şe­lik Bi­ta­rap­lyk hu­kuk de­re­je­sin­den ge­lip çyk­ýan we­zi­pe­le­re gy­şar­nyk­syz eýer­ýän ber­ka­rar Di­ýa­ry­myz­da şeý­le gat­na­şyk­la­ryň ber­ki­dil­me­gi, ös­dü­ril­me­gi ba­bat­da ze­rur bo­lan müm­kin­çi­lik­le­riň ge­ri­mi­niň gi­ňel­ýän­di­gi­niň gü­wä­si­dir.
He­mi­şe­lik Bi­ta­rap­ly­gy­my­zyň 30 ýyl­lyk şan­ly to­ýu­nyň ulu­dan bel­le­nil­jek ýy­lyn­da ýur­du­my­zyň hal­ka­ra ab­ra­ýy­nyň has-da ar­şa gö­te­ril­ýän­di­gi­ni ala­mat­lan­dyr­ýan ta­ry­hy wa­ka­la­ryň yzy­gi­der­li bol­ma­gy her bi­ri­mi­ziň wa­tan­çy­lyk ru­hu­my­zy be­len­de gö­te­rip, ber­ka­rar Wa­ta­ny­my­za, be­ýik döw­rü­mi­ze bo­lan buý­san­jy­my­zy go­şa­lan­dyr­ýar.
He­mi­şe­lik Bi­ta­rap­ly­gy­myz asu­da ýa­şaý­şyň, er­ti­re bo­lan yna­myň gü­wä­si­dir, dost-do­gan­ly­gyň ro­waç­lan­ma­gy­nyň ke­pi­li­dir. Mu­ny hormatly Prezidentimiziň: «Bi­ziň Bi­ta­rap­ly­gy­myz dün­ýä halk­la­ry­ny be­lent mak­sat­la­ra bir­leş­dir­ýän, pa­ra­hat­çy­ly­gy hem-de dost-do­gan­ly­gy ös­dür­ýän ýö­rel­gä­miz­dir» di­ýen söz­le­ri hem bü­tin aý­dyň­ly­gy bi­len tas­syk ed­ýär.
Ar­ka­dag­ly Gah­ry­man Ser­da­ry­my­zyň: «Pa­ra­hat­çy­lyk we dost­luk dün­ýä­dä­ki iň uly gym­mat­lyk­lar­dyr. Türk­men­ler adam­zat ta­ry­hy­nyň äh­li dö­wür­le­rin­de hem bu gym­mat­ly ka­da­la­ra yg­rar­ly bo­lan halk­dyr. Azi­ýa bi­len Ýew­ro­pa­ny bir­leş­dir­ýän türk­men top­ra­gy he­mi­şe pa­ra­hat­çy­ly­gyň, yg­ty­bar­ly­ly­gyň we howp­suz­ly­gyň se­bi­ti hök­mün­de giň­den ta­na­lyp­dyr» di­ýen pa­ra­sat­ly söz­le­rin­den ugur al­ýan yn­san­per­wer ýö­rel­ge­le­ri­miz bü­tin dün­ýä­de uly gol­da­wa eýe bol­ýar. Mu­nuň aý­dyň su­but­na­ma­sy­ny şu ýy­lyň 21-nji mar­tyn­da BMG-niň Baş As­samb­le­ýa­sy­nyň 79-njy ses­si­ýa­sy­nyň 61-nji ple­nar mej­li­sin­de ýur­du­my­zyň baş­lan­gy­jy bi­len «Türk­me­nis­ta­nyň he­mi­şe­lik Bi­ta­rap­ly­gy» at­ly Ka­rar­na­ma­nyň üçün­ji ge­zek ka­bul edil­me­gin­de hem göz ýe­tir­ýä­ris.
Bu Ka­rar­na­ma­da bel­le­ni­li­şi ýa­ly, BMG-niň Baş As­samb­le­ýa­sy Türk­me­nis­ta­nyň he­mi­şe­lik Bi­ta­rap­lyk hu­kuk de­re­je­si­niň se­bit­de pa­ra­hat­çy­ly­gy we howp­suz­ly­gy pug­ta­lan­dyr­ma­ga ýar­dam ber­ýän­di­gi­ni, se­bi­tiň ýurt­la­ry, dün­ýä­niň beý­le­ki döw­let­le­ri bi­len pa­ra­hat­çy­lyk­ly, dost­luk­ly, öza­ra bäh­bit­li gat­na­şyk­la­ry ös­dür­mek­de Türk­me­nis­ta­nyň eýe­le­ýän iş­jeň we oňyn or­nu­ny yk­rar ed­ýär. Şun­da ýur­du­my­zyň şeý­le be­lent yk­rar­na­ma eýe bo­lan yn­san­per­wer ýö­rel­ge­le­ri­niň dur­muş ul­ga­my­nyň sy­ýa­sy, söw­da-yk­dy­sa­dy, ulag, yl­my-teh­ni­ki, me­de­ni-yn­san­per­wer ýa­ly mö­hüm ugur­la­ry­nyň äh­li­sin­de özü­niň oňyn be­ýa­ny­ny tap­ýan­dy­gy­ny aý­ra­tyn bel­le­mek ge­rek.
Türk­me­nis­ta­nyň baş­lan­gy­jy bilen Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­syn­da ta­ry­hy Ka­rar­na­ma­la­ryň 30-a go­la­ýy­nyň ka­bul edil­me­gi Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň, Ar­ka­dag­ly Gah­ry­man Ser­da­ry­my­zyň pa­ra­hat­çy­ly­gy we dur­nuk­ly ösü­şi üp­jün et­mek, döw­let­le­riň ara­syn­da öza­ra yna­nyş­ma­gy ber­kit­mek, dün­ýä ýurt­la­ry­ny we halk­la­ry­ny pa­ra­hat­çy­ly­ga, dost-do­gan­ly­ga ça­gyr­mak ba­bat­da­ky kö­pu­gur­ly iş­le­ri­niň aý­dyň ne­ti­je­si­dir.

Ogul­şat MY­RA­DO­WA,
Aşgabat şäher Medeniýet müdirliginiň merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň
Nury Baýramow adyndaky kitaphana şahamçasynyň kitaphanaçysy.