Kembrij iňlis sözlügi “parasosial” sypatyny 2025-nji ýylyň sözi diýip atlandyrdy. Kembrij sözlüginiň web sahypasynda bu sözüň manysy düşündirilýär. Sözüň manysy adamyň meşhur şahs, edebiýat ýa-da kino gahrymany ýa-da emeli aň bilen duýýan özara baglanyşygyny beýan edýär. “Parasosial gatnaşyk” – artist bilen janköýeriň arasyndaky gatnaşyk, “parasosial hasrat” – meşhur adamyň ölüminden soň dörän gynanç duýgusy ýaly ýagdaýlar muňa mysal bolup biler.
“Parasosial” sözi Kembrij iňlis sözlügine 2023-nji ýylda goşuldy. Bu sözlügiň taryhynda ýylyň sözi diýlip atlandyrylan ikinji sypatdyr. Birinjisi 2016-njy ýylda “paranoidal” (paranoid) bolupdy.
PDF









