7-nji ýanwarda Tähran şäherindäki Eýranyň Milli kitaphanasynyň dabaralar zalynda häzirki zaman pars edebiýatynyň iň ýokary sylagy hasaplanýan 18-nji Jelal al-Ahmed edebiýat baýragyny gowşuryş dabarasy geçirildi. Eýran Yslam Respublikasynyň Medeniýet we yslam ugrukdyryş ministrliginiň gurnamagynda geçirilen bu çäre, ýurduň edebiýat älemindäki iň möhüm wakalaryň biri hökmünde kabul edilýär.
Dabaranyň açylyşynda çykyş eden Medeniýet we yslam ugrukdyryş ministri Seýid Abbas Salehi Eýranyň hekaýalaryň we kyssalaryň mekanydygyny, bu mirasyň bolsa häzirki zaman ýazyjylarynyň galamy arkaly täze öwüşgine eýe bolýandygyny aýratyn belledi.
Bäsleşigiň netijelerine görä, «Roman we uly göwrümli proza» ugrunda Mohammadreza Katebiň «Lems» (Galtaşma) romany iň gowy eser diýlip saýlandy. Şonuň bilen birlikde, ýazyjy Zehra Gudarziniň «General» romany hem ilkinji gezek kitabyny çap etdiren awtorlaryň arasynda ýokary baha eýe boldy. «Gysga hekaýalar» bölüminde bolsa iki ýeňiji yglan edilip, Abbas Aziminiň «Käwagt mazarlara hem nazar sal» we Hosrow Abbasi Hodlanyň «Men Ibn Batutadyryn» atly eserleri baýraga mynasyp görüldi. Dokumental edebiýat ugrunda bolsa Morteza Serhenginiň «Kasym» atly kitaby öňe saýlandy.
18-nji gezek geçirilen bu bäsleşigiň kätibi Majid Geýsari şu ýyl tabşyrylan eserleriň sanynyň geçen ýyl bilen deňeşdirilende, 20 göterim, dokumental edebiýat bölüminde bolsa 35 göterim artandygyny mälim etdi. Şeýle hem çärede zenan ýazyjylaryň görnetin işjeňligi we olaryň kämil eserleri aýratyn bellenilip geçildi. Ýöne bäsleşigiň eminleri edebi tankyt bölüminde ýeterlik derejede gowy eser tapylmandygy sebäpli, bu ugurda hiç bir awtory ýeňiji diýip yglan etmediler. Jelal al-Ahmed baýragy diňe bir ýazyjylary maddy taýdan höweslendirmän, eýsem, saýlanan eserleriň gaýtadan çap edilmegine we halkara derejesinde tanyşdyrylmagyna hem giň ýol açýar.
PDF









