Eýranyň Pars welaýatynyň çäginde ýerleşýän täze gaz käninde 7,5 trillion kub futdan (21,24 milliard kub metr) gowrak tebigy gaz gory ýüze çykaryldy. Bu barada ýurduň nebit ministri Mohsen Paknejad IRIB döwlet teleýaýlymyna beren interwýusynda mälim etdi.
Ministriň sözlerine görä, gaz çykaryş koeffisienti 72-73% möçberinde hasaba alnanda, bu känden 5,7 trillion kub futa (161,4 milliard kub metr) golaý gazy çykarmaga mümkinçilik bolar. Şeýle hem täze ýatakda gaz kondensatynyň ep-esli gorunyň bardygy tassyklanyp, olaryň ýurduň içerki baýlyklarynyň gymmatyny onlarça milliard dollar artdyrjakdygy bellenildi.
Dünýäde tebigy gaz gory boýunça Russiýadan soň ikinji orunda durýan Eýranyň Gaz eksport edýän ýurtlar forumynyň (GECF) maglumatlaryna görä, takmynan, 34 trillion kub metr subut edilen gory bar. Günorta sebitde ýerleşýän bu täze kän bar bolan gaz önümçiligini ösdürmäge möhüm goşant goşsa-da, sanksiýalar we tehnologiýa ýetmezçiligi ýaly düýpli päsgelçilikler önümçilige we eksporta täsir etmegini dowam edýär.
PDF








