Germaniýanyň Gettingen uniwersitetiniň alymlar topary köp ýyllardan bäri patrakdan dürli materiallary öndürmek babatda iş alyp barýar. Bu materiallar ekologiýa taýdan howpsuzlygy bilen tapawutlanýar. Mysal üçin, patrakdan ýanmaýan we dargamaýan penopolistirol (penoplast) materilany öndürmek professor Alireza Harazipurunuň kellesine 10 ýyl mundan ozal, kinoteatrda patrak satyn alan wagty gelipdi. Bu pikir onuň işdeşleriniň hem göwnünden turdy we olar patrakdan bu materialy öndürmegiň küýüne düşdüler. Hünärmenleriň pikiriçe, ekologiýa taýdan arassa bolan penoplast sintetik materiallardan edilen materialdan birnäçe esse ýokary ýylylyk izolýasiýa häsiýetine eýedir. Mundan başga-da, ýokary temperatura we ýangyna has çydamly we şonuň üçin has ygtybarly. Şeýle hem ekologiýa taýdan arassa, aňsatlyk bilen gaýtadan işlenip we iým hökmünde ulanylyp bilner.
Birnäçe ýyllyk ylmy barlaglardan soňra täze tehnologiýa ulanyşa taýýar edildi. Häzirki wagtda uniwersitet Germaniýanyň «Bachl Group» kompaniýasy bilen binalaryň ýylylyk izolýasiýasy üçin öz işläp düzen tehnologiýasyny we materialyny täjirçilik taýdan ulanmak üçin ygtyýarnama şertnamasyna gol çekdi.
Mekan ÇARYÝEW,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň talyby.