Aşgabat şäherindäki käbir köçelerde awtoulag hereketi wagtlaýyn çäklerdiriler. Bu barada TDH habar berýär. Habarlar agentliginiň resmi web sahypasynda şeýle bildiriş ýerleşdirildi:

Hormatly Aşgabat şäheriniň ýaşaýjylary we myhmanlary!
Paýtagtymyzyň köçelerinde hereket edýän awtoulaglaryň gatnaw ýygylygyny göz öňünde tutup, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllygynyň dabaraly bellenilýän günlerinde, ýagny 8 – 12-nji dekabry aralygynda Garaşsyzlyk şaýolunda, Bitarap Türkmenistan şaýolunda we Türkmenbaşy şaýolunda gatnawlaryň wagtlaýyn çäklendiriljekdigini siziň dykgatyňyza ýetirýäris.
Hormatly adamlar! Ýoluňyz ak bolsun, baýramyňyz gutly bolsun!