Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet boýunça guramasy (ÝUNESKO) hem-da Binagärleriň halkara birleşigi (UIA) Hytaý Halk Respublikasynyň paýtagty Pekin şäherini 2029-njy ýylda Bütindünýä arhitektura paýtagty diýip yglan etdi. Bu karar Bütindünýä arhitektura paýtagty boýunça Birleşen komitetiň teklibi esasynda kabul edildi.
ÝUNESKO-nyň we Binagärleriň halkara birleşiginiň bilelikdäki maksatnamasy binagärligiň, şäher gurluşygyny meýilleşdirmegiň, medeniýetiň hem-de mirasyň durnukly şäher ösüşini üpjün etmekdäki özgerdiji ornuny aýratyn nygtaýar. Däp bolşy ýaly, bu abraýly ady her üç ýyldan UIA-nyň Bütindünýä kongresini geçirýän şäher alýar.
ÝUNESKO-nyň wekilleriniň bellemegine görä, Pekin dünýäniň iň baý binagärlik mirasyny şäher ösüşine bolan öňdengörüjilikli çemeleşmeler bilen üstünlikli utgaşdyrýandygy üçin bu ada mynasyp görüldi. Guramanyň metbugat beýanatynda Hytaýyň paýtagtynyň taryhy şäher gurşawy, şowly binagärlik taslamalary we döwrebap binagärlik medeniýeti aýratyn bellenilýär. Bu aýratynlyklar mirasyň, innowasiýalaryň hem-de ýaşaýjylaryň durmuşynyň özara sazlaşyp, şäherleri durnukly we ýaşamak üçin amatly etmegiň aýdyň nusgasydyr.