Saud Arabystanynyň çempionatynda 5-nji tapgyrda “Al-Nassr” topary öz meýdançasynda “Al-Fateh” toparyny kabul etdi. Žoao Feliksiň 13-nji minutdaky goly bilen öňe geçen ýer eýeleri 54-nji minutda Bendebkanyň goluna çäre tapyp bilmedi. Oýnuň 59-njy minutynda super ýyldyz Kristiano Ronaldo eminiň bellän penaltisini dürs urup bilmedi. Ýöne 1 minutdan soň jerime meýdançasynyň daşky burçundan şeýle bir owadan gol geçiren Ronaldo toparyny öňe saýlady. Bu onuň klublardaky 800-nji goly hökmünde hasaba alyndy. Duşuşygyň galan minutlarynda Žoao Feliks ýene 2 gol geçirip, “Al-Nassrdaky” 2-nji het-trigini etmegi başardy. Ýer eýeleriniň beýleki goluny bolsa 75-nji minutda Kingsli Koman öz adyna ýazdyrdy.