Senator Rodrigo Pas Pereýra we Boliwiýanyň öňki Prezidenti Horhe Kiroga (2001-2002-nji ýyllarda) 17-nji awgustda geçirilen Prezident saýlawlarynda ikinji tapgyra çykýarlar. Muny Ýokary saýlaw kazyýeti tarapyndan mälim edilen maglumatlar subut edýär.
-Hristian-demokratik partiýasy 32,08%, “Erkinlik we Demokratiýa” partiýasy 26,94%, “Agzybirlik” partiýasy 19,93% ses aldy – diýip, Ýokary saýlaw kazyýetiniň wekili sesleriň 90 göterimden gowragy sanalandan soň metbugat üçin ýygnakda aýtdy.
“Agzybirlik” partiýasy tarapyndan hödürlenen telekeçi Samuel Doria Medina ýeňilendigini boýun aldy.