Müsüriň simwoly hasaplanýan piramidalar birnäçe ýyldan bäri öwrenilýändigine garamazdan özünde entek üsti açylmadyk syrlary saklaýar. Golaýda Giza platosynyň demirgazyk-gündogarynda gumuň astynda üç sany guýy tapyldy. Bu guýular Uly Sfinks, Heops we Hefren piramidalarynyň arasynda kemsiz üçburçlugy emele getirýär.
Alymlar bu guýynyň müňlerçe ýyllyk inženerçilik desgasynyň bir bölegi bolup biljekdigini belleýärler. Guýularda hiç hili ýazgy ýok, diwarlary bolsa, örän tekiz. Arheologlar bu guýynyň suw çykarmak üçin ýa-da şeýle gazylan guýy däldigine ünsi çekýärler.
Radar tehnologiýasy arkaly guýynyň ýeriň 40 metr astyndaky böleginiň hem kartasy çykaryldy. Üçüsi hem meňzeş ululykda bolan guýularyň ýerleşişiniň Orion ýyldyzlar toplumyna meňzeýändigi bellenilýär.
Annamyrat AKYÝEW,
Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň mugallymy.