Fransiýanyň çempionatynda PSŽ topary 28-nji tapgyrda ýeňlişsiz çempionlygyny yglan etdi (23 ýeňiş, 5 deňlik). Öz meýdançasynda “Anže” toparyndan Dezire Dueniň 55-nji minutda geçiren ýeke-täk goly esasynda üstün çykan PSŽ möwsümiň tamamlanmagyna 6 tapgyr galanda, utugyny 74-e ýetirip, 2-nji ýerdäki topardan 22 utuk öňe saýlandy.
Bu parižlileriň bassyr 4-nji, soňky 13 ýylda 11-nji, umumylykda-da 13-nji çempionlygy hökmünde hasaba alyndy. Soňky 13 ýylda diňe 2 çempionlygy başga klublara, “Monako” (2016/17 bilen “Lill” 2020/21) toparlaryna aldyran PSŽ ilkinji 2 çempionlygyny 1985/86 we 1993/94 möwsümlerinde gazanypdy.
Toparyň tälimçisi Luis Enrike parižlileriň düzümindäki 5-nji, tälimçilik karýerasy boýunça-da 14-njy kubogyny asmana göterdi.
Şonuň ýaly PSŽ-niň braziliýaly goragçysy Markinios hem “Ligue 1”-däki 10-njy çempionlygyny gazanyp, ol bu ugurda rekordyň eýesidir.
Nissa – Nant: 1-2 (Abdi 14 – Augusto 11, Ablin 38),
PSŽ – Anže: 1-0 (Due 55),
Brest – Monako: 2-1 (Sima 42, Kamara 90+4 – Zakariýa 63 p),
Lion – Lill: 2-1 (Lakazett 38 p, Şerki 70 – Diakite 1),
Lans – Sent-Etien: 1-0 (Koýýalipu 75),
Monpelie – Le Hawr: 0-2 (Keşta 3, Ture 33),
Reýms – Strasbur: 0-1 (Dukure 4),
Renn – Oser: 0-1 (Žubal 89),
Marsel – Tuluza: 3-2 (Suaso 21 ö.d., Grinwud 57, Rabio 64 – Magri 28, Sierro 76)