Py­ýa­da­lar üçin tun­nel

73

Nor­we­gi­ýa­nyň Ber­gen şä­he­rin­de py­ýa­da­lar we we­lo­si­ped­çi­ler üçin dün­ýä­niň iň uzyn tun­ne­li­niň gur­lu­şy­gy al­nyp ba­ryl­ýar. Uzyn­ly­gy 2,9 ki­lo­met­re ba­ra­bar bo­lan Fýul­lings­da­len tun­ne­li 15-nji ap­rel­de açy­lyp ulan­ma­ga ber­ler. Ýur­duň gü­nor­ta-gün­ba­ta­ryn­da­ky Lows­tak­ken da­gy­nyň bir bö­le­gi­ni ke­sip geç­ýän ötük­den we­lo­si­ped­de 10 mi­nut­da, ýö­räp 30-45 mi­nut­da ge­çip bol­ýar. Ge­çen ýy­lyň no­ýab­ryn­da açy­lan ýe­ňil de­mir ýol ul­ga­my­na ugur­daş edi­lip gur­lan tun­ne­liň py­ýa­da­la­ra ni­ýet­le­nen bö­le­gi­niň ini 2,5 met­re, we­lo­si­ped­çi­le­re de­giş­li ýe­ri 3,5 metre barabar. Go­wy ýag­ty­lan­dy­ry­lan tun­ne­liň bel­li ýer­le­rin­de adam­la­ryň dem-dynç al­mak­la­ry üçin otur­gyç­lar ýer­leş­di­ri­lip­dir. Tun­nel her gün 5:30-dan 23:30-a çen­li açyk bo­lar. Her 250 metr­de gys­sag­ly jaň et­mek üçin te­le­fon­lar ýer­leş­di­ri­ler. Tun­ne­le gi­ri­len­de, ýag­ty­lyk tol­ku­ny ar­ka­ly öň­den gel­ýän we­lo­si­ped­çi ba­ra­da ha­bar ber­ler. Tun­ne­liň içi he­mi­şe 7 de­re­je­de sak­la­nyp, has so­wuk gün­ler­de yl­ga­ma­gy ha­la­ýan­lar üçin amat­ly şert dö­re­der.
Tun­nel­den Ber­gen şä­he­ri­niň mer­ke­zi­ne çen­li hem we­lo­si­ped ýo­da­sy gur­lup­dyr. Bu tas­la­ma adam­la­ryň aw­tou­lag ýe­ri­ne we­lo­si­ped ulan­ma­gy­ny hö­wes­len­dir­mek mak­sa­dy bi­len dur­mu­şa ge­çi­ril­ýär. Tunnel­den şä­he­riň mer­ke­zin­e çen­li ara­lyk 7,8 ki­lo­met­re ba­ra­bar bo­lup, bu ýoly we­lo­si­ped bi­len 25 mi­nut­da ge­çip bol­ýar. Tas­la­ma­nyň dur­mu­şa ge­çi­ril­me­gi bi­len bu wagt iki es­se aza­lar.

Aý­gül GA­IP­NA­ZA­RO­WA,
Ýag­şy­gel­di Ka­ka­ýew adyn­da­ky Hal­ka­ra ne­bit we gaz uni­wer­si­te­ti­niň mu­gal­ly­my.