Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmenistan yklym ähmiýetli möhüm ulag-logistika merkezi hökmündäki ornuny yzygiderli pugtalandyrýar. Bu ugurda gazanylan möhüm üstünlikleriň biri hökmünde 2-nji maýda hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda Balkanabat Halkara howa menziliniň dabaraly açylandygyny görkezmek bolar.
Gahryman Arkadagymyzyň ulag ulgamynda başyny başlan beýik işleriniň Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan üstünlikli amala aşyrylmagy geografik taýdan amatly ýerleşýän Türkmenistanyň ykdysady kuwwatyndan has netijeli peýdalanmaga giň mümkinçilikleri döredýär. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň raýat awiasiýasyny ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli Milli maksatnamasyna laýyklykda, pudagyň maddy-enjamlaýyn binýadyny mundan beýläk-de kämilleşdirmek, onuň düzümini täze uçarlar bilen giňeltmek, paýtagtymyzda we ýurdumyzyň welaýatlarynda täze howa menzillerini, inženerçilik-tehniki maksatly desgalary gurmak we öňden bar bolanlaryň durkuny täzelemek, pudak üçin ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamak boýunça giň gerimli işler alnyp barylýar. Diýarymyzyň günbatar sebitiniň merkezi Balkanabat şäheriniň Jebel şäherçesinde gurlan täze ulag-logistika merkezi, tutuş ýurdumyz bilen birlikde, Balkan welaýatynyň geljekde ykdysady, medeni-durmuş ulgamlarynda uly ösüşleri gazanmagyna ýardam berer. Täze Halkara howa menzili häzirki zaman howa gämileriniň ähli görnüşlerini diýen ýaly kabul etmäge ukyplydyr. Bu ýerde dikuçarlaryň dördüsi, howa gämileriniň altysy üçin duralgalar bar. Beýikligi 35 metre ýetýän dolandyryş diňi, uzaklardan seleňläp durşuna ýolagçylaryň we dürli ýükleriň ýerli hem-de daşary ýurt gatnawlaryny amala aşyrmaga niýetlenýän desganyň görküne görk goşýar.
Garaşsyz Watanymyzyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllygynyň giňden toýlanylýan ýylynda ulanyşa berlen bu howa menzili arkaly her ýylda 200 tonna ýük dolanyşygy amala aşyrylar. Döwlet Baştutanymyzyň Balkanabat Halkara howa menzilini açyp ulanmaga bermegi diňe bir balkanabatly ildeşlerimizde däl, ähli watandaşlarymyzda-da çäksiz şatlyk döretdi. Jebel şäherçesiniň golaýynda ýerleşýän bu döwrebap howa menzili uzak aralyklary ýakynlaşdyrar. Şol bir wagtda-da ol sebitiň tebigy baýlyklaryndan, ykdysady mümkinçiliklerinden has netijeli peýdalanmaga şert döreder. Nesip bolsa, howa menzili diňe bir ýurdumyz üçin däl, tutuş Merkezi Aziýa, Ýewropa sebitleri üçin hem möhüm aragatnaşyk we ykdysady nokatlaryň birine öwrüler.
Täze desga döwrebap mümkinçiliklere eýe. Bu ýerde ýolagçylar üçin halkara ülňülere laýyk gelýän hyzmatlar sazlaşykly ýola goýlupdyr. Her sagatda 100 ýolagça hyzmat etmäge mümkinçiligi bolan täze howa menzilinde uçuş-gonuş zolagyndan başga-da, birikdiriji öwrüm ýollary, uçar duralgalarynyň meýdançalary, ýolagçy terminallary, dolandyryş diňi, barlag-geçiriş bölümleri, halas ediş we ýangyna garşy göreş binalary, tehniki desgalar, suw rezerwuarlary, yşyklandyryş, habar beriş ulgamynyň bökdençsiz işini üpjün etmäge niýetlenen desga, radiotehniki ulgamlaryň bekedi, ýük meýdançasy we terminaly ýaly birnäçe ugurdaş desgalar gurlup, olar kämil enjamlar bilen üpjün edilipdir.
Umuman, Ýewropanyň we Aziýanyň söwda-ulag ýollarynyň wajyp çatrygynda ýerleşýän Türkmenistana üstaşyr ulag geçelgelerini işjeňleşdirmek üçin amatly mümkinçilikleri döredýär. Demir ýol, awtomobil, deňiz, howa ulaglaryny ösdürmek, geljegi uly üstaşyr ulag geçelgelerini döretmek boýunça uzak möhletleýin strategiýa durmuşa geçirilip, durnukly ösüşiň, ählumumy abadançylygyň bähbitlerine ulag diplomatiýasy ilerledilýär. Ulag diplomatiýasynyň hukuk esaslaryny berkitmekde, pudagyň mümkinçiliklerini has-da pugtalandyrmakda, bu ugurda kanunçylygy kämilleşdirmekde «Türkmenistanyň Prezidentiniň ulag diplomatiýasyny ösdürmegiň 2022 – 2025-nji ýyllar üçin Maksatnamasyna» aýratyn orun degişlidir. Ýurdumyzyň milli ulag syýasatynyň esasy ugurlaryny özünde jemleýän bu resminamada giň gerimli strategik maksatlara ýetmek göz öňünde tutulýar. Türkmenistanyň bar bolan kuwwatyndan netijeli peýdalanmak arkaly bitewi multimodal üstaşyr ulag geçelgelerini döretmek hem Maksatnamanyň esasy wezipeleriniň biridir.
Ogulniýaz ANNATAGANOWA,
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň uly mugallymy.