Deňhukuklylyk we özara hormat goýmak ýörelgelerinde ýola goýlan türkmen-eýran gatnaşyklary häzir ähli ugurlar boýunça – syýasy, ykdysady we ynsanperwer ulgamlarda işjeň ösdürilýär. Şunuň bilen bir hatarda, Türkmenistan hem-de Eýran abraýly halkara guramalaryň, şol sanda BMG-niň we onuň ýöriteleşdirilen düzümleriniň çäklerinde netijeli hyzmatdaşlyk edýärler.
Türkmenistanyň ýakyn goňşusy we umumy taryhy kökleri müňýyllyklaryň jümmüşinden gözbaş alýan dostlukly döwletleriniň biri hem Eýran Yslam Respublikasydyr. Türkmenistan bilen Eýranyň arasyndaky strategik we giň möçberli hyzmatdaşlyk dostlugyň, hoşniýetli goňşuçylygyň we deňhukukly gatnaşyklaryň ählumumy we mizemez ýörelgelerine esaslanýar. Türkmenistan bilen Eýran Yslam Respublikasynyň arasynda diplomatik gatnaşyklar 1992-nji ýylyň 18-nji fewralynda ýola goýuldy. Netijeli ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk ýyllary içinde iki doganlyk döwlet döwletara, hökümetara we pudagara derejelerinde baglaşylan halkara resminamalaryndan ybarat bolan berk şertnama-hukuk binýadyny döretdiler.
Türkmenistan bilen Eýran häzirki zaman ösüşiniň möhüm faktorlary bolan ulag-aragatnaşyk we energetika ulgamlarynyň giňeldilmegine gönükdirilen iri möçberli taslamalary amala aşyrmak bilen, sebit hyzmatdaşlygynyň täze mazmuna eýe bolmagynda mynasyp orun tutýarlar. Mälim bolşy ýaly, «Gündogar – Günbatar» we «Demirgazyk – Günorta» halkara ulag-üstaşyr geçelgelerini döretmekde hem türkmen-eýran hyzmatdaşlygyna uly orun degişlidir. Wajyp sebit meseleleri boýunça netijeli pikir alyşmalaryň mysalyny Türkmenistan bilen Eýranyň arasyndaky Hazar deňzi babatynda hyzmatdaşlygynda hem görmek bolýar. Biziň ýurtlarymyz gojaman Hazaryň parahatçylyk we dostluk deňzi bolmalydygyny aýratyn ileri tutýarlar we onuň hemmetaraplaýyn ylalaşylan halkara-hukuk durkunyň kesgitlenmegi ugrundaky tagallalara işjeň gatnaşmak bilen hyzmatdaşlygy ösdürýärler.
Ýokary derejede geçirilýän yzygiderli gepleşikler türkmen-eýran döwletara gatnaşyklarynyň dürli derejelerde ygtybarly alnyp barylmagyna itergi berýär. Paýtagt şäherler bolan Aşgabatda we Tähranda geçirilýän ikitaraplaýyn resmi duşuşyklaryň dowamynda Türkmenistan bilen Eýranyň arasyndaky dost-doganlyk hyzmatdaşlygyny ösdürmek, söwda-ykdysady aragatnaşyklaryny has-da giňeltmek, bilelikdäki medeni çäreleri geçirmek barada ylalaşyklara gelinýär.
Iki ýurduň hususy pudagynyň wekilleriniň arasyndaky gatnaşyklary hem pugtalandyrmaga uly ähmiýet berilýär. Şunuň bilen baglylykda, Aşgabat şäherinde Eýran Yslam Respublikasynyň ýöriteleşdirilen sergileri guralýar. Şeýle sergileriň ýene-de biri bu gezek eýran topragynda geçirildi. Şu ýylyň 5-7-nji maýy aralygynda goňşy Eýranyň Gürgen şäherinde Türkmenistanyň haryt öndürijileriniň giň gerimli sergisi geçirildi.
Sergä ýurdumyzyň pudaklaýyn edarasynyň 12-si hem-de Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň 50-den gowrak wekili gatnaşyp, ýurdumyzda eksporta gönükdirilen harytlaryň giň möçberi bilen tanyşmaga mümkinçilik döretdi. Bu çärä Türkmenistan bilen Eýranyň arasyndaky söwda we ykdysady gatnaşyklary pugtalandyrmaga, şeýle hem sebit bazarynda türkmen harytlarynyň barlygyny giňeltmäge gönükdirilendir.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň ykdysady kuwwaty barha pugtalanýar. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzyň eksport mümkinçilikleri hem ýylsaýyn ýokarlanýar. Häzirki wagtda Diýarymyz tebigy gazyň, nebit önümleriniň we elektrik energiýasynyň uly mukdarlaryny daşary ýurtlara ibermek bilen bir hatarda, senagat, azyk, himiýa, oba hojalyk, elektronika ýaly köpugurly önümleri hem daşarky bazarlara eksport edýär. Bu ugurda türkmen işewür düzümleriniň paýy uludyr.
Jennet MUSAÝEWA,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň uly mugallymy.