Tapgyryň iň esasy duşuşygy, Madrid derbisi hemişe bolşy ýaly, ýene-de uly wakalara baý boldy. 8 gün öň “Santiago Bernabeu” stadionyndaky oýunda ýer eýeleri “Real Madrid” 2-1 hasabynda ýeňiş gazanypdy. “Metropolitano” stadionyndaky jogap duşuşygy gol bilen başlady. Eýýäm 27-nji sekuntda Konor Gallaher Atletikony öňe geçirdi. Ol Çempionlar Ligasynda iňlis oýunçylarynyň arasynda iň çalt gol geçiren oýunçy boldy. Şeýle-de, bu gol şu ýaryşda “Realyň” derwezesinden geçirilen iň çalt 2-nji gol hökmünde hasaba alyndy. Bu gol duşuşykda ýeke-täk gol boldy.
Oýnuň galan minutlarynda dartgynlylyk güýçli bolsa-da, duşuşygyň depgini pesräk ýagdaýda geçdi. Duşuşygyň 70-nji minutynda Kilian Mbappeniň garşysyna gödeklige ýol berildi we polşaly emin Şimon Marçiniak penalti nokadyny görkezdi. Ony-da Winisius Junior ýerine ýetirdi. Ýöne onuň urgusy derwezäniň daşyna sowa gitdi. Netijede, oýnuň esasy wagty 1-0 hasabynda tamamlandy. Iki oýnuň netijesi boýunça ýeňijini kesgitlemek üçin toparlaryň haýsy hem bolsa birine ýene bir gol gerekdi. Goşmaça wagtda-da şol goly geçiren bolmady. Penalti urgulary ýeňijini kesgitlemeli edildi.
“Realdan” Mbappeniň, “Atletikodan” Sörlotyň urgulary takyk boldy. Bellingam bilen Walwerde hem ýalňyşmady. Ýöne “Atletikonyň” 2-nji penaltisi üçin topuň ýanyna gelen Hulian Alwaresiň uran urgusy gol bolsa-da, emin VAR-yň görkezmesi boýunça argentinaly futbolçynyň topa 2 gezek galtaşandygy nazarda tutulyp, hasaba alynmady. Alwaresiň watandaşy Korrea urgyny dürs ursa, “Realdan” Lukas Waskesiň urgusyny derwezeçi Oblak saklady. Ýer eýelerinden Markos Llorenteniň urgusy sütünden yzyna gaýtdy. Rüdigeriň urgusyny Oblak doly saklap bilmedi we penaltilerde 4-2 hasabynda öňe geçen “Real Madrid” ýene bir ýola çärýek finala çykdy.
“Real Madrid” Bu ýaryşyň çäginde “Atletiko Madridi” 5-nji gezek ýaryşdan çykardy. Soňky çempion bassyr 5-nji, Çempionlar Ligasy ady bilen geçirilip başlanyndan bäri-de 33-nji möwsümde 21-nji gezek çärýek finalda oýnamaga hukuk gazandy. “Real Madrid” topary 70-nji möwsümi geçirilýän UEFA-nyň bu ýaryşyna 55-nji gezek gatnaşýar we 40-njy sapar çärýek finala adyny ýazdyrdy.