Ispaniýanyň Şa Kubogy ýaryşynda Madrid şäheriniň 2 wekili ilkinji ýarym finalçylar boldy. “Real Madrid” myhmançylykda çempionatda hem “Atletikony” hem-de “Barselonany” ýeňen “Leganes” bilen duşuşyp, olara ýeňiş gazanmak ýeňil düşmedi. Modriç (18) hem-de Endrigiň (25) gollary bilen 2-0 öňe saýlanan “Reala” ýer eýeleri Huan Kruzuň 39-njy (p) we 59-njy minutdaky gollary esasynda jogap berdi. Ätiýaçdan oýna giren Gonzalo Garsiýa 90+3-nji minutda madridlilere ýeňiş getiren oýunçy boldy. Şunlukda, “Real Madrid” 3-2 hasabynda ýeňiş gazanyp, ýarym finala çykmagy başardy.

Çärýek finalyň 1-nji duşuşygynda “Atletiko” topary Madridiň başga bir kluby “Hetafeni” 5-0 hasabynda ýeňlişe sezewar etdi. “Atletikonyň” gollarynyň 2-sini tälimçi Simeoneniň ogly Guliano Simeone (8, 17), beýlekileri bolsa Lino (42), Korrea (78) hem-de Sörlot (6) derwezä girizdi.