“Real Madridiň” 72 million ýewrolyk täze transferi

269

Ispaniýanyň “Real Madrid” topary hemişekiler ýaly ýene ýaş braziliýaly futbolçylaryň birini, geljekki ýyldyzlaryň birini düzümine goşdy. Madridliler “Palmeiras” toparynyň 16 ýaşyndaky hüjümçisi Endriks düzümine goşdy. Ispan kluby 2006-njy ýylda doglan futbolçy üçin brazil toparyna 60+12 million ýewro tölär. Endriks bolsa 18 ýaşyndan soň, ýagny 2024-nji ýylyň tomsunda “Real Madridiň” düzümine goşular. Winisius Junior, Rodrigo ýaly ýyldyz oýunçylary-da karýeralarynyň ilkinji ýyllarynda transfer eden “Real Madrid” topary ýene bir geljekki ýyldyzlaryň hatarynda görkezilýän futbolçy bilen şertnama baglaşdy.