Ispaniýanyň çempionatynda 27-nji tapgyryň açylyş duşuşygynda “Real Madrid” kynlyk bilen ýeňiş gazandy. Mundan öňki 2 tapgyrda “Osasunadyr” “Hetafeden” asgyn gelen “Reala” myhmançylykda 6-njy orunda barýan “Seltany” ýeňmek ýeňil düşmedi. 11-nji minutda Arda Güleriň asist etmeginde Tçuameni hasaby açsa-da, 25-nji minutda Iglesias deňlik goluny geçirdi. 2-nji ýarymda 2 topar hem erjel hüjümler geçirip, oýna 83-nji minutda giren Ýago Aspasyň urgusy sütünden yzyna gaýtdy. Duşuşygyň 90+4-nji minutynda Federiko Walwerdeniň batly urgusy goragçylaryň birine degip, derwezeçini ýalňyşdyrdy we tora girdi. Şunlukda, 2-1 hasabynda ýeňiş gazanan “Real Madrid” utugyny 63-e çykardy. Bu ýeňiş toparyň esaslandyrylan gününde klubuň janköýerlerine sowgat boldy. Mälim bolşy ýaly, “Real Madrid” mundan 124 ýyl ozal, ýagny 1902-nji ýylyň 6-njy martynda esaslandyrylypdy.

“La Ligada” sanawyň lideri “Barselona” 27-nji tapgyrdaky duşuşygyny Bilbaoda ýerli “Atletik” bilen geçirer. Katalonlar üçin hemişe ýeňil bolmadyk bu duşuşyk şu gije Aşgabat wagty bilen 01:00-da başlanar.

Şu gün “Atletiko” öz meýdançasynda “Real Sosiedady” kabul etse (22:30), “Wilýarreal” ertir öz meýdançasynda “Elçe” bilen duşuşar (18:00).