Ispaniýanyň Şa Kubogy ýaryşynyň finalynda, “Barselona” köne bäsdeşi “Real Madridi” goşmaça wagtda ýeňlişe sezewar etdi. Soňky ýyllaryň iň çekeleşikli geçen “El Klasikosynda” ilkinji bolup hasaby katalonlar açdy. 123-nji gezek geçirilýän ýaryşyň finalynyň 28-nji minutynda Ýamalyň ajaýyp pasyndan soň topy Pedri owadan urgy bilen derwezä girizdi. Bu gola madridlilere 1-nji ýarymda jogap bermek başartmady.
2-nji ýarymda Mbappeniň, Arda Güleriň oýna girmeginden soň özüni dürsän “Real Madrid” 70-nji minutda hasaby deňledi. Hasaby deňlän goly Kilian Mbappe jerime urgusynda geçirdi. Bu goldan 7 minut soň Arda Güleriň burçdan ýerine ýetiren urgusynda topy kellesi bilen uran Tçuameni “Realy” öňe saýlady. Ýöne duşuşygyň tamamlanmagyna 6 minut galanda, ýagny 84-nji minutda derwezeçini hem aldan Ferran Torres topy boş derwezä gönükdirip, hasaby deňledi.
Şunlukda, goşmaça 30 minut berlip, onuň 1-nji ýarymynda hasap üýtgemedi. Duşuşygyň 116-njy minutynda bolsa Modriçiň Diaza beren pasy gyltyz bolup, top Kundeniň öňüne düşdi. Olam topy ýerden takyk urgy bilen derwezä girizdi. Galan minutlarda “Reala” hasaby deňlemek başartmady. Duşuşygyň ahyrynda eminiň üstüne bir zatlar zyňan Antonio Rüdiger, şeýle-de, gödeksi ýagdaýda öz nägileliklerini bildiren Jud Bellingam, Lukas Wazkes gyzyl kart aldy. Rüdigeriň 4-12 oýunlyk jerime almagyna garaşylýar. Duşuşygyň iň ökde oýunçysy diýlip Ferran Torres saýlandy.
Şunlukda, 3-2 hasabynda ýeňiş gazanan “Barselona” 4 ýyllyk arakesmeden soň 32-nji gezek Ispaniýanyň Şa Kubogyny eýeledi. “Barselona” topary bu ugurda iň öňde bolup, olar finalda 11 gezek ýeňildiler.
“Atletik Bilbaodan” soň kubogy eýelemekde 3-nji orunda barýan “Real Madrid” 21-nji gezek finalda ýeňlişe sezewar boldy. “Real Madrid” kubogy 20 gezek eýeläpdi.
“Barselonanyň” tälimçisi Hansi Flik karýerasy boýunça 7-nji finalynda-da ýeňiş gazanmagy başardy. Ol şolaryň 5-sini “Bawariýada” başarypdy.
Şeýle-de, bu ýeňişden soň “Barselonanyň” möwsümi 3 kubok bilen tamamlamak mümkinçiligi dowam edip, katalonlar mundan öň 2 gezek 2008/09 we 2014/15 möwsümlerinde “treble” derejäni gazanypdylar.