ABŞ-nyň “Exxon” kompaniýasy geçen ýyl 59 milliard dollar peýda gazanyp, täze rekord goýdy. Bu görkeziji beýleki Günbatar kompaniýalarynyň ählisinden hem köpdür. Bilermenler energiýa pudagynda iş alyp barýan kompaniýalaryň girdejileriniň ýokarlanmagyny dowam etjekdigini we bu pudagyň peýdasynyň 200 milliard dollar boljakdygyny çaklaýar. “Exxon” kompaniýasy mundan ozal 2008-nji ýylda nebitiň bir barreliniň 30 göterim gymmatlap, 142 dollara çykmagy bilen 45,2 milliard dollar girdeji gazanypdy. Şeýlelikde, geçen ýyl amerikan brendi şol rekordyny hem täzeledi. Kompaniýanyň ýolbaşçysy Ketrin Mikells peýda we nagt pul akymynyň ozalky ýyldakydan has köp bolandygyny, muňa önümçiligiň artmagynyň we harydyň özüne düşýän bahasyny gözegçiliginiň täsiri bilen şeýle netije alnandygyny belledi.
Dursun Durdyýewa, Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň talyby.
PDF









