Sy­ýa­hat­çy­lyk pu­da­gyn­da ja­han­keş­de­le­re ýy­lyň-ýy­ly­na dür­li müm­kin­çi­lik­ler, amat­ly şert­ler, gaý­ta­lan­ma­jak baş­dan­ge­çir­me­ler hö­dür­le­nil­ýär. Bu, esa­san, sy­ýa­hat­çy­la­ryň is­leg­le­ri­ni na­za­ra al­mak bi­len bag­ly bo­lup, şo­la­ryň ara­syn­da haý­ran gal­dyr­mak üçin ýö­ri­te gu­rul­ýan myh­man­ha­na­lar aý­ra­tyn ün­si çek­ýär. Göz öňü­ne ge­ti­riň, 400 metr be­lent­lik­dä­ki myh­man­ha­na­da bu­lut­la­ryň ara­syn­da dynç alyp otyr­sy­ňyz ýa-da gy­şyň aň­zak­ly so­wu­gyn­da tu­tuş­ly­gy­na buz­dan gur­lan myh­man­ha­na bar­ýar­sy­ňyz. Er­te­ki­ler­dä­ki ýa­ly gö­rün­ýän­di­gi­ne ga­ra­maz­dan, bu­lar ha­ky­kat. Ga­ze­ti­mi­ziň şu sa­nyn­da dün­ýä­dä­ki tä­sin myh­man­ha­na­lar ba­ra­da­ky gy­zyk­ly mag­lu­mat­la­ry dyk­ga­ty­ňy­za ýe­tir­ýä­ris.

Dün­ýä­niň iň kö­ne myh­man­ha­na­sy. Ýa­po­ni­ýa­nyň Ha­ýa­ka­wa şä­he­rin­de ýer­leş­ýän Ni­si­ýa­ma On­sen Ke­ýun­kan myh­man­ha­na­sy 705-nji ýyl­da gu­rul­ýar. 37 otag­ly, kai­se­ki res­to­ran­ly bu myh­man­ha­na nus­ga­wy sun­gat es­bap­la­ry bi­len be­ze­lip­dir. Otag­la­ry­na ta­ta­mi ma­ta­syn­dan dü­şek ýa­zy­lan bu myh­man­ha­na­da hyz­mat­kär­ler ni­bu-şi­ki ki­mo­no (iki bö­lek mil­li egin­baş) geý­ýär­ler. Myh­man­ha­na­da açyk we ýa­pyk gyz­gyn ham­mam­lar bo­lup, Alp dag­la­ry­nyň ete­gin­de me­de­ni­ýet­li dynç al­ma­ga müm­kin­çi­lik ber­ýär. 2011-nji ýyl­da Ni­si­ýa­ma On­sen Ke­ýun­kan Gin­ne­siň Bü­tin­dün­ýä re­kord­lar ki­ta­by­na dün­ýä­niň iň kö­ne myh­man­ha­na­sy hök­mün­de gi­ri­zil­di. Na­ra döw­rün­de dö­re­di­len bu myh­man­ha­na 52-nji ne­sil ta­ra­pyn­dan do­lan­dy­ryl­ýar. Iň kö­ne bu myh­man­ha­na Ýa­po­ni­ýa­nyň ta­ry­hy we me­de­ni­ýe­ti bi­len ta­nyş­ma­ga hem müm­kin­çi­lik ber­ýär.
Dün­ýä­niň iň be­ýik myh­man­ha­na­sy. Bir­le­şen Arap Emir­lik­le­ri­niň Du­baý şä­he­rin­de ýer­leş­ýän 4 ýyl­dyz­ly Ge­wo­ra myh­man­ha­na­sy 12 ýyl­lyk gur­lu­şyk­dan soň 2018-nji ýyl­da myh­man­la­ra ga­py­sy­ny aç­dy. 75 gat­dan yba­rat, be­ýik­li­gi 356 met­re ba­ra­bar bu myh­man­ha­na­da 528 otag, res­to­ran­lar we aşa­gyn­da aw­tou­lag go­ýul­ýan, üs­ti ho­wuz­ly des­ga­lar bar. Myh­man­ha­na mer­mer we al­tyn­sow reňk­li gur­lu­şyk önüm­le­ri bi­len be­ze­lip­dir. Ge­wo­ra myh­man­ha­na­sy­nyň bi­rin­ji ga­tyn­da ka­bul­ha­na bo­lup, myh­man otag­la­ry iň ki­çi bir orun­lyk otag, uly bir orun­lyk otag, iki orun­lyk otag ýa­ly ka­te­go­ri­ýa­la­ra bö­lün­ýär. Ka­bul­ha­na­da Ge­wo­ra­nyň dün­ýä­niň iň be­ýik myh­man­ha­na­sy­dy­gy­ny tas­syk­la­ýan Gin­ne­siň re­kord­lar ny­şa­ny­ny gör­mek bol­ýar. Myh­man­ha­na­nyň 12-nji ga­ty as­ma ýo­ly ar­ka­ly aw­tou­lag du­ral­ga­sy­nyň bi­na­sy bilen birleşýär. Myh­man­ha­na­da sow­gat­lyk önüm­le­ri sa­tyl­ýan dü­kan­la­r, güý­men­je meý­dan­ça­la­ry we «gyz­gyn küý­ze» diý­lip at­lan­dy­ryl­ýan ham­mam­lar bar. Myh­man­ha­na­nyň ýo­kar­ky gat­la­ryn­da bu­lut­la­ryň ara­syn­da dynç alyp, Du­baý şä­he­ri­niň gö­zel­li­gi­ni syn­lap bol­ýar.
Dün­ýä­niň iň be­ýik pi­ra­mi­da myh­man­ha­na­sy. 88 gat­ly Jin Mao di­ňi­niň ýo­kar­syn­da ýer­leş­ýän Grand Hýatt Şan­haý myh­man­ha­na­sy pi­ra­mi­da şe­ki­lin­de gur­lan tä­sin myh­man­ha­na ha­sap­lan­ýar. Bi­rin­ji ga­ty 329 metr be­lent­lik­de ýer­leş­ýän bu myh­man­ha­na­da 548 otag bar. Myh­man­ha­na 33 gat­ly te­ge­lek at­ri­um­dan yba­rat. Gin­ne­siň Bü­tin­dün­ýä re­kord­lar ki­ta­by­na gi­ri­zi­len Grand Hýatt Şan­haý myh­man­ha­na­syn­da 18 dür­li otag sti­li bar. Otag­la­ra bar­mak üçin spi­ral ýa­ly aý­la­nyp gid­ýän te­ge­lek bas­gan­çak­lar­dan ýö­re­me­li. Bas­gan­çak­la­ryň ara­ly­gyn­da­ky boş­lu­gyň (dä­liz) dia­met­ri 27 met­re, be­ýik­li­gi 115 met­re ba­ra­bar. Huang­pu der­ýa­sy­nyň bo­ýun­da gur­lan pi­ra­mi­da gör­nüş­li bu myh­man­ha­na Hy­ta­ýyň ta­ry­hy gym­mat­lyk­la­ry­ny öw­ren­mä­ge hem müm­kin­çi­lik ber­ýär.
Dün­ýä­dä­ki iň be­ýik açyk ho­wuz­ly myh­man­ha­na. Bir­le­şen Arap Emir­lik­le­ri­niň Du­baý şä­he­rin­dä­ki «Add­ress Beach Re­sort» myh­man­ha­na­sy çür ba­şyn­da­ky açyk ho­wuz bi­len gö­ren­le­ri haý­ran gal­dyr­ýar. Myh­man­ha­na­nyň 77-nji ga­tyn­da – 294 metr be­lent­lik­de ýer­leş­ýän bu how­zuň uzyn­ly­gy 95 met­re, ini 16,5 met­re ba­ra­bar. Gaý­ta­lan­ma­jak baş­dan­ge­çir­me­le­ri hö­dür­le­ýän bu ho­wuz Olim­pi­ýa how­zun­dan iki es­se ýa­ly uly. Owa­dan bi­na­ly myh­man­ha­na­nyň de­pe­sin­dä­ki açyk ho­wuz­da ýü­züp ýör­şü­ňe özü­ňi ke­na­ry pal­ma­lar bi­len be­ze­len de­ňiz­de ýa­ly duý­ýar­syň. How­zuň ke­na­ryn­da Gü­ne ýan­mak üçin otur­gyç­lar we res­to­ran hem bar. Ýo­kar­dan se­re­de­niň­de ul­la­kan gä­mä meň­ze­ýän bu ho­wuz Du­ba­ýyň tä­sin ýer­le­ri­niň bi­ri ha­sap­lan­ýar.
Dün­ýä­dä­ki il­kin­ji we iň uly buz myh­man­ha­na­sy. Şwe­si­ýa­nyň de­mir­ga­zy­gyn­da­ky Juk­kas­jär­wi şä­her­çe­sin­de ýer­leş­ýän «Iceho­tel» gardan we buz­dan gur­lan dün­ýä­dä­ki il­kin­ji hem-de iň uly myh­man­ha­na ha­sap­lan­ýar. 1990-njy ýyl­da il­kin­ji ge­zek myh­man­la­ra ga­py­sy­ny açan bu myh­man­ha­na Tor­ne der­ýa­syn­dan alynýan 900 ton­na­dan gow­rak buz­dan we 30 ton­na tö­we­re­gi gar­dan her ýyl tä­ze­den gu­rul­ýar. De­kabr-ap­rel aý­la­ry ara­ly­gyn­da açyk bol­ýan myh­man­ha­na­da ho­wa -5 de­re­je­de sak­lan­ýar. «Iceho­tel» myh­man­ha­na­sy 6 müň ine­dör­dül metr meý­da­ny tut­ýar. 30 ýyl­dan gow­rak wagt bä­ri myh­man­la­ry gar­şy al­ýan «Iceho­tel» myh­man­ha­nasyn­da gar­dan we buz­dan ýa­sa­lan sun­gat gur­na­ma­la­ry, eks­po­nat­lar ýy­lyň-ýy­ly­na tä­ze­çe gör­nüş­de ýa­sal­ýar. Buz bas­gan­çak­la­ry, buz lýust­ra­la­ry we buz­dan dö­re­di­len kar­ti­na­la­ry bi­len sy­ýa­hat­çy­lar­da ýat­dan çyk­ma­jak tä­sir­le­ri gal­dyr­ýan myh­man­ha­na Şwe­si­ýa­nyň hök­ma­ny ba­ryp gör­me­li 7 tä­sin­li­gi­niň bi­ri ha­sap­lan­ýar.