Ýurdumyzyň muzeýleriniň işini döwrüň talabyna laýyklykda kämilleşdirmek boýunça işler geçirilýär. Häzirki wagtda iri muzeýlerimizde «Wirtual muzeý» sanly ulgamyny ornaşdyrmak arkaly gaýybana syýahat etmäge, muzeýlerde bar bolan gymmatlyklar bilen ýakyndan tanyşmaga mümkinçilik döredilýär. Şunda Arkadag şäheriniň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýine gelýän myhmanlaryň mobil telefonlarynyň üsti bilen gymmatlyklar bilen tanyşmaklary üçin döwrebap QR-kodlaryň ornaşdyrylmagy bellenilmäge mynasypdyr. Muzeý gymmatlyklaryny toplamak, muzeý gaznasyny baýlaşdyrmak muzeý işiniň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, arheologlar tarapyndan taryhy-medeni ýadygärliklerde geçirilýän gazuw-barlag işleriniň dowamynda ýüze çykarylýan tapyndylar doly öwrenilenden soň, döwlet muzeýlerine yzygiderli tabşyrylýar. Bu barada 4-nji iýulda geçirilen sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň mejlisinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Seýidowa hasabat berdi.
Şeýle-de mejlisde hormatly Prezidentimiziň şu ýylyň maýynda Astanada geçirilen “Merkezi Aziýa — Italiýa” görnüşindäki birinji sammitde Italiýanyň Rim şäherinde “Medeniýetleriň gülläp ösüşi: bürünç zamanyndaky Margiana we Parfiýa şalygy. Türkmenistandaky arheologik açyşlar” atly arheologik sergini guramak barada beýan eden başlangyjyndan ugur alnyp, häzirki wagtda bu sergini ýokary derejede geçirmek üçin degişli işleriň alnyp barylýandygy barada hem aýdyldy.