1912-nji ýylyň 14-nji aprelinde şol döwrüň iň uly ýolagçy gämisi bolan “RMS Titanik” 1912-nji ýylyň 14-nji aprelinde Nýufaundlendiň günortasynda aýsberge urup gark bolup başlady. Şol wagt gämidäki sagadyň dili gije 11:40-y görkezýärdi. Gäminiň suwa batmagy 2 sagat 40 minut çemesi wagt dowam etdi. Gämi Angliýanyň Sautgempton şäherinden ABŞ-nyň Nýu-Ýork şäherine ilkinji saparyny amala aşyrýardy. Gäminiň galyndylary 1985-nji ýylyň sentýabr aýynda Kanadanyň Nýufoundlend adasynyň kenaryndan, takmynan, 350 deňiz mili uzaklykda, dört kilometr çuňlukda tapyldy.
2340 ýolagçysy bolan gäminiň 1,5 müň töweregi ýolagçysy heläk boldy, 712-sine halas bolmak başartdy. Bu pajygaly waka bagyşlanan film surata düşürildi, tapylan zatlary auksion arkaly gymmat bahadan satyldy.