Ýewropa Bileleşigi Balkan ýurtlarynyň altysynda el telefonlarynda roaming tölegini ýatyrmagy meýilleşdirýär.
Häzirki wagtda agza ýurtlarda ýerli operatorlaryň abunaçylary beýleki ýurtlara gidende artykmaç töleg tölemeýärler.
Ýewropa Komissiýasy Albaniýa, Bosniýa-Gersogowina, Kosowa, Çernegorýe, Demirgazyk Makedoniýa we Serbiýa ýurtlaryna hem şeýle ýeňilligi döretmegi teklip edýär. Teklip ilki Ýewropa Geňeşi tarapyndan tassyklanmaly. Soňra bolsa, her ýurt bilen aýratynlykda ikitaraplaýyn gepleşikler geçirilmeli. Geçiriljek gepleşikler tamamlanandan soňra, agzalan ýurtlaryň raýatlary Ýewropa Bileleşigine agza ýurtlara gidenlerinde, gepleşen wagty ulanan interneti hem-de SMS hyzmatlary üçin goşmaça töleg tölemeli bolmaz.
2023-nji ýyldan bäri bu ýurtlaryň mobil abunaçylaryna ýeňillik berilýär. Täze teklibiň durmuşa geçirilmegi netijesinde agza ýurtlar bilen Balkan döwletleriniň arasynda integrasiýa ýola goýlar. Bu bolsa, bileleşige doly agza bolmazdan, ýeke-täk bazar sebitine tapgyrlaýyn geçmäge mümkinçilik berer.
Kakajan Berdiýew,
Aşgabat gurluşyk orta hünär okuw mekdebiniň bölüm müdiri.
PDF









