Bahar baýramynyň çäklerinde Hytaýyň paýtagty Pekindäki Asman ybadathanasynyň öňündäki meýdançada 50 sany robotyň görkezme çykyşy boldy. Taryhy ýadygärlikleriň golaýynda geçirilen çykyşlarda robotlar söweş sungatyna degişli hereketleri sazlaşykly ýerine ýetirdiler. Robotlaryň bir wagtda türgenlere mahsus çeýelik bilen hereket edip bilmegi bu tehnologiýanyň näderejede ösendigini görkezýär. Bu robotlar diwara hem dyrmaşyp bilýärler.
Uly bolmadyk robotlaryň çykyşy geçen ýyl hem bolupdy. Bir ýyl ozal bu robotlar diňe ýaglygy galgadyp, tans edipdiler. 150 sekuntlyk çykyş göni ýaýlym arkaly millionlarça tomaşaça ýetirilip, uly gyzyklanma döretdi.
Aýjemal Atajykowa,
Aşgabat şäher Medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Gurbannazar Ezizow adyndaky kitaphana şahamçasynyň 1-nji derejeli kitaphanaçysy.
PDF









