AFK Çempionlar Ligasy 2 ýaryşynda çempion belli boldy. Saud Arabystanynyň paýtagty Er-Riýaddaky “King Saud University” stadionynda oýnalan finalda “Gamba Osaka” bilen “Al-Nassr” toparlary duşuşdy. Çekeleşikli geçen oýunda Ýaponiýanyň wekili “Gamba Osaka” 1-0 hasabynda üstün çykdy. “Gamba Osaka” toparyna taryhy çempionlyk getiren ýeke-täk goly 30-njy minutda klubuň türkiýeli hüjümçisi Deniz Hümmet öz adyna ýazdyrdy. Şeýlelikde, “Gamba Osaka” 2004-nji ýyldan bäri geçirilip gelinýän AFK-nyň bu ýaryşynda çempionlyk gazanan ilkinji ýapon topary boldy. “Gamba Osaka” 2008-nji ýylda-da AFK-nyň 1-nji derejeli klub ýaryşynda, AFK Çempionlar Ligasynda (häzirki AFK Çempionlar Ligasy Elite) hem ýeňiş gazanypdy. Bu topary iki ýaryşda-da çempion bolan ilkinji ýapon kluby hökmünde hasaba alyndy.
Saud Arabystanynyň “Al-Nassr” topary bolsa, faworit hökmünde gatnaşan bu ýaryşyndan boş gaýdyp, topara Ronaldo geleni bäri resmi ýaryşlarda kubok gazanmak başardanok.
PDF









