Türkmenistanyň ykdysady kuwwatynyň dünýä derejesindäki dabaralanmasy hökmünde, ýurdumyzyň deňiz ulaglary ulgamynda täze bir taryhy sahypa açyldy. Hazar deňziniň kenarynda, döwrebap tehnologiýalaryň jemlenen ojagy bolan «Balkan» gämi gurluşyk we abatlaýyş zawodynda ýurdumyzyň taryhynda ilkinji gezek «Gadamly» atly gury ýük gämisi gurlup, dabaraly ýagdaýda ulanmaga berildi. Bu waka diňe bir täze gäminiň ýüzüşe goýberilmegi däl, eýsem, Türkmenistanyň dünýäniň gämi gurluşyk senagatyna ynamly gadam basandygynyň aýdyň subutnamasydyr.
«Gadamly» gämisiniň gurluşygy türkmen hünärmenleriniň halkara ülňülerine laýyklykda kämil gämileri gurup bilýändigini görkezdi. Bu taslama dünýäniň öňdebaryjy gämi gurluşyk tejribeleri bilen milli inženerçilik pikiriniň utgaşmasydyr. Ozal gämileri daşary ýurtlardan satyn alýan bolsak, indi öz zawodymyzda gurmak mümkinçiligine eýe bolduk. Zawodyň işgärleri halkara talaplara laýyklykda ýörite taýýarlykdan geçip, çylşyrymly metal konstruksiýalary we tehnologik ulgamlary gurnadylar. Milli gämi gurluşygy daşary ýurt pulundaky harajatlary tygşytlamaga we ýurt içinde täze iş orunlarynyň döredilmegine mümkinçilik berýär.
Täze gury ýük gämisi özüniň tehniki häsiýetnamalary we ýük göterijilik ukyby bilen ünsi çekýär. Ol dürli görnüşli ýükleri – gurluşyk serişdelerinden başlap, däne we beýleki senagat önümlerine çenli ugratmaga niýetlenendir. «Gadamly» diýen at ýöne ýere saýlanyp alynmady. Bu at Türkmenistanyň gämi gurluşyk pudagyndaky ilkinji ädiminiň, ýagny ilkinji «gadamyň» rowaçlygyny we dowamatlylygyny alamatlandyrýar.
«Gadamly» gämisiniň ulanmaga berilmegi Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň mümkinçiliklerini täze belentliklere çykarýar. Bu port häzirki wagtda Aziýa bilen Ýewropanyň arasyndaky köprüdir. Ol «Lapis Lazuli» we «Demirgazyk-Günorta» halkara ulag geçelgeleriniň möhüm halkasydyr. Gündogar – Günbatar, Demirgazyk – Günorta ugurlary boýunça halkara üstaşyr ulag geçelgelerini ösdürmekde Türkmenistanyň möhüm ornuny aýratyn bellemek bolar. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzda täze demir we awtoulag ýollaryny, döwrebap Halkara howa menzillerini, Türkmenbaşy Halkara deňiz portuny öz içine alýan kuwwatly ulag-logistika ulgamy döredildi.
Şu ýylyň dowamynda ýene-de bir gury ýük gämisiniň, ýagny «Menzil» atly gäminiň ulanmaga tabşyrylmagy meýilleşdirilýär. Ýük göterijiligi 6 müň 100 tonna bolup, häzirki zaman tehnologiýalary bilen üpjün edilen bu gämileriň her biri 20 tonnalyk 240 sany ýük konteýnerini daşamaga ukyplydyr. Gämileriň sanynyň artmagy portuň ýük dolanyşygynyň tizleşmegine we eksport-import amallarynyň giňelmegine ýardam edýär. Türkmenistan döwletimiziň öz gämilerini gurmagy daşary ýurtly hyzmatdaşlarda ýurdumyzyň logistiki ygtybarlylygyna bolan ynamy has-da berkidýär.
«Balkan» gämi gurluşyk we abatlaýyş zawodynda geljekde dürli görnüşli tankerleri hem-de gämileri gurmak göz öňünde tutulýar.
«Gadamly» gämisiniň gurluşygy Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň saýlap alan «Açyk gapylar» syýasatynyň, ykdysady özygtyýarlylygyň we döwrebaplaşmagyň dabaralanmasydyr. Türkmenistanyň deňiz duralgasy indi has-da giň, ýoly bolsa hemişe rowaçdyr.
Laçyn ABDYKERIMOWA,
Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky harby institutynyň mugallymy.
PDF









