7-nji sentýabrda Russiýa bilen Koreýa Halk-Demokratik Respublikasynyň arasynda ilkinji awtomobil köprüsi açyldy. Tuman derýasynyň üstünden gurlan we Primorskiý ülkesindäki Hasan obasyny hem-de KHDR-niň Tumangan şäherini birikdirýän bu desga döwletara gatnaşyklary pugtalandyrmaga hyzmat eder.
Açlyş dabarasyndan soň köpri arkaly hereket doly güýjüne girdi. Gurluşygyna 2025-nji ýylyň ýazynda başlanan we uzynlygy 1 kilometr bolan awtomobil geçelgesi bir günde 300-e golaý ulagy hem-de 2 müňden gowrak ýolagçyny geçirmäge niýetlenendir. Ýol-gurluşyk işleriniň çäginde desganyň ýerasty ýollary bilen birlikde umumy uzynlygy 4,7 kilometre ýetdi.
Bu taslamanyň amala aşyrylmagy 2024-nji ýylda Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putiniň Phenýana amala aşyran sapary wagtynda baglaşylan ylalaşyklara esaslanýar. Häzire çenli Russiýa bilen KHDR-iň arasyndaky gury ýer gatnawlary diňe demir ýol arkaly amala aşyrylýardy.
PDF








