Geçen ýyl dünýäde dollar milliarderleriniň sany 8,2 göterim ýa-da rekord derejedäki 3,795 müň adama deň boldy. Muňa hususy maliýe ulgamyndaky barlaglara ýöriteleşen “Altrata” kompaniýasynyň maglumatlary güwä geçýär.
Milliarderleriň sany soňky bäş ýylda has artdy. Altrata muny tutuş dünýäde maliýe emläginiň artmagyna getiren EA (emeli aň) işewürligi bilen baglaýar. Netijede, dünýä milliarderleriniň jemi baýlygy 12,8 göterim artyp, 15,1 trillion dollara deň bolupdyr.
Hasabata laýyklykda, häzirki wagtda dünýäde 29 sany çakdanaşa baý adam (emlägi 50 milliard dollardan geçýän) bolup, olaryň umumy emlägi 4,1 trillion dollara deň ýa-da milliarderleriň ähli maýasynyň 27 göterimini düzýär. Deňeşdirmek üçin, 2017-nji ýylda dünýäde çakdanaşa baý adamlar bary-ýogy 10 sanydy we olara dünýädäki milliarderleriň umumy emläginiň 7,2 göterimi degişlidi.
PDF








