Russiýanyň Çumakow adyndaky merkezi tarapyndan koronawirusa garşy işlenip düzülen “KoviVac” sanjymy hasaba alyndy. Munuň COVID-19-a garşy ýurtda tassyklanan üçünji sanjymdygy barada Russiýanyň Premýer-ministri Mihail Mişustin hökümet maslahatynda habar berdi.

– Bu gün üçünji sanjym “KoviVac”-yň hasaba alnandygyny mälim edýäris, ony Çumakow adyndaky merkez işläp düzdi. Mart aýynyň ortalarynda eýýäm ilkinji 120 müň doza raýat dolanyşygyna giriziler – diýip, Premýer-ministr hökümet maslahatynda aýtdy. Şeýle hem hökümet başlygy “KoviVac” sanjymynyň senagat önümçiliginiň ýakyn günlerde başlajakdygyny aýtdy. Ol häzirki wagtda Russiýanyň dünýäde COVID-19 garşy üç görnüşli sanjyma eýe bolan ýeke-täk ýurtdugyny aýtdy.

Maslahata gatnaşan Çumakow adyndaky merkeziň müdiri Aýdar Işmuhametowyň pikiriçe, sanjym geljekde halkara bazarynda aýratyn ähmiýete eýe bolar. Şeýle hem, ol ýylyň ahyryna çenli bu sanjymyň 10 millionyny öndürmek meýilleşdirilýändigini habar berdi.

Umuman, häzire çenli Russiýada takmynan, “Sputnik V” sanjymynyň 10 million dozasy we  “EpiVacCorona” sanjymynyň bolsa, 80 müň dozasy öndürdi. Russiýada giň gerimli sanjym 2020-nji ýylyň dekabr aýynyň ortalarynda ýola goýuldy. Köpçülikleýin sanjym bolsa, 2021-nji ýylyň ýanwar aýynyň ortalarynda başlandy. Iň soňky maglumatlara görä, Russiýada takmynan 2,2 million adama (ilatyň 1,5%) koronawirusa garşy sanjym edilipdir.