Merhum Şa zenany Ýelizaweta II degişli bolan «Jaguar X-Type Estate» kysymly awtoulag auksionda satylar. Bu awtoulag üçin başlangyç baha kesgitlenmedi. Ýaşyl reňkdäki awtoulag 120 müň kilometr ýol geçipdir. Awtoulagyň «V6» üç litrli hereketlendirijisi bar. Bu söwdany «Historics Auctioneers» auksion öýi gurar. Ulagyň islendik bahadan satylmagy meýilleşdirilýär. Bilermenler bu ulagyň ýokary bahadan satylyp bilinjekdigini belleýärler. Mundan ozal Beýik Britaniýanyň patyşasy Karl III tarapyndan Şa zenany Ýelizaweta II degişli bolan atlaryň birnäçesi satylypdy.
Aýnur PAÝZULLAÝEWA,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň talyby
PDF









