Günorta afrikaly dellek 5 adamyň saçyny iň tiz wagtda bejerip, dünýä rekordyny goýdy. Ol özüniň müşderilerine 18 minut 57 sekuntda hyzmat edip, Ginnesiň rekordlar kitabyna girmegi başardy. Ýohannesburgly Enriko Springfild 10 ýyldan bäri dellekhanada işleýär. Ol öz kärine 13 ýaşynda başlap, ilkinji dellekhanasyny çaklaňja ýerde açypdyr. 23 ýaşyndaky dellek öz müşderileriniň saçyny «skin fade» görnüşinde bejerip, rekordyň eýesi boldy.
Dellek rekordyny hasaba aldyrmak üçin 5 müşderisiniň saçyny 20 minutdan az wagtda deňlemelidi. Ol her bir müşderisi üçin 4 minutdan az wagt sarp edip, rekord gazanmagyň hötdesinden geldi.
Aýgül HAJYÝEWA,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň talyby
PDF







