6-njy martda Gyrgyzystanyň Prezidenti Sadyr Žaparow Bişkek şäherindäki Sarahsy adyndaky merkezi metjidinde agzaçar sadakasyny berdi. Döwlet baştutany öz ýüzlenmesinde ýygnananlary mukaddes Remezan aýy bilen gutlap, dindarlary halkyň arasynda ylahy ynanjy berkitmäge, haýyr-sahawata we haýyrly işleri bitirmäge çagyrdy diýip, “kabar.kg” neşiri ýazýar.
Gyrgyz Lideri bu döwürde birek-birege goldaw-hemaýatyň, mätäçlere kömek etmegiň we ruhy päkligiň aýratyn möhümdigini nygtady.
Žaparow dindarlaryň doga-dilegleriniň hem-de sogap işleriniň Ýaradanyň dergähinde kabul bolmagyny, maşgala abadançylygyny arzuw etdi. Ol şeýle-de agyz beklenýän aýyň hemmelere ruhy şatlyk eçiljekdigine, haýyr işlere ruhlandyrjakdygyna, birek-birege düşünişmegiň hem-de haýyr-sahawatlylygyň döwri boljakdygyna umyt bildirdi.
Soňra Gyrgyzystanyň Prezidenti metjide ýygnananlar bilen agzaçara gatnaşyp, namaz okady.
PDF









