Şu gün ýurdumyzda Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni giňden bellenilýär. Bu hünär baýramçylygy mynasybetli Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň sergiler merkezinde «Saglygy goraýyş, bilim we sport Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe» atly halkara serginiň hem-de ylmy maslahatyň açylyş dabarasy boldy. Halkara sergisiniň açylyş dabarasyna Mejlisiň Başlygy, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, ýurdumyzda işleýän diplomatik wekilhanalaryň we halkara guramalaryň wekilhanalarynyň ýolbaşçylary, daşary ýurtlardan gelen lukmanlar we köp sanly myhman gatnaşdy.
Serginiň açylyş dabarasynda Türkmenistanyň Prezidentiniň iberen Gutlag haty uly ruhubelentlik bilen diňlenildi.
Halkara serginiň açylyş dabarasynda paýtagtymyz Aşgabatda hereket edýän “Jahan” döredijilik merkeziniň çagalar aýdym-saz toparynyň çykyşlary özboluşly sowgat boldy.
Türkmen halkynyň Milli Lideriniň başlangyjy bilen ýola goýlan “Saglyk” döwlet maksatnamasynyň kabul edilmegine şu ýyl 30 ýyl doldy.
Sergide ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamynda ýetilen sepgitler açylyp görkezilýär. Ýurdumyzyň şypahanalarynyň diwarlyklary, şeýle hem saglygy goraýyş ulgamynda iş alyp barýan türkmen hususy kärhanalary özleriniň önümleri bilen tanyşdyrýarlar.
Sebitiň ilkinji “akylly” şäheri bolan Arkadag şäherindäki «Arkadag Medisina Klasteri Menejment» kärhanasynda öndürilýän lukmançylyk maksatly önümler sergä gatnaşýan daşary ýurtly myhmanlara uly gyzyklanma döretdi.
Şeýle hem sergä daşary ýurtlarda, Germaniýadan, Russiýadan, Özbegistandan, Hytaýdan, Türkiýeden we ýene-de köp sanly ýurtdan saglyk ulgamyna ýöriteleşdirilen kompaniýalar gatnaşyp, olaryň diwarlyklarynda saglygy goraýyş ulgamyna degişli enjamlar, dürli derman önümleri giňden tanyşdyrylýar.
Sergi meýdançasynda ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň hem diwarlyklary bar. Olarda okuw mekdebinde alnyp barylýan işler, halkara we ýurt derejesinde gazanylan üstünlikler, durmuşa geçirilen ylmy işler barada gürrüň berilýär. 2025-2026-njy okuw ýylynda ilkinji talyplaryny kabul eden Halkara telekeçiler we senagatçylar uniwersitetiniň diwarlygy hem sergide orun alypdyr. Ýokary okuw mekdepleriniň diwarlyklarynda olaryň barlaghanalarynda geçirilýän tejribeler, açyşlar barada hem maglumat almak bolýar.
Häzirki wagtda türkmen ýaşlary dünýäniň öňdebaryjy döwletlerinde abraýly ýokary okuw mekdeplerinde bilim alýarlar. Sergide Hytaýyň, Malaýziýanyň, Russiýanyň, Belarusyň, Birleşen Patyşalygyň we Türkiýäniň Respublikasynyň ýokary okuw mekdepleriniň diwarlyklary hem bar. Olar özleriniň ylym-bilim mümkinçilikleri bilen sergä gatnaşyjylary tanyşdyrýar.
Halkara sergisinde sport ulgamyna hem aýratyn üns berlipdir. Serginiň diwarlyklarynda ýurdumyzyň sport ulgamynda gazanýan üstünlikleri giňden beýan edilýär. Şeýle hem türkmen türgenleriniň halkara sport ýaryşlarynda gazanýan üstünlikleri babatda maglumat almak üçin hem giň şertler döredilipdir.
Türkmenistanyň saglygy goraýyş we derman senagaty, bilim ministrlikleri, bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komiteti Türkmenistanyň söwda-senagat edarasy bilen bilelikde guralýan serginiň 12-nji oktýabrda sagat 15:00-a çenli dowam edýär. Serginiň iş wagtyny şu salgydan görüp bilersiňiz.