Ga­raş­syz­ly­gy­ny ga­za­nan il­kin­ji ýyl­la­ryn­dan baş­lap, Türk­me­nis­tan­da sag­ly­gy go­ra­ýyş ul­ga­my­ny döw­re­bap­laş­dyr­mak, ke­sel­le­riň öňü­ni al­mak we ýo­ka­ry hil­li be­je­riş hyz­mat­la­ry­ny ýo­la goý­mak ug­run­da giň möç­ber­li öz­gert­me­ler ama­la aşy­ryl­dy. Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti­niň baş­lan­gy­jy bi­len dur­mu­şa ge­çi­ri­len «Sag­lyk« Döw­let mak­sat­na­ma­sy ul­ga­myň ösü­şi­ne güýç­li iter­gi ber­di. Ýur­du­my­zyň sag­ly­gy go­ra­ýyş ul­ga­myn­da ga­za­ny­lan üs­tün­lik­ler, tä­ze luk­man­çy­lyk teh­no­lo­gi­ýa­la­ry­nyň or­naş­dy­ryl­ma­gy, der­man önüm­çi­li­gi se­na­ga­ty­nyň ös­dü­ril­me­gi, sag­ly­gy di­kel­diş iş­le­ri­niň kä­mil­leş­di­ril­me­gi mu­nuň aý­dyň my­sal­la­ry­dyr.
Soň­ky ýyl­lar­da Di­ýa­ry­my­zyň äh­li kün­jegin­de hal­ka­ra öl­çeg­le­ri­ne la­ýyk gel­ýän has­sa­ha­na­lar, sag­lyk öý­le­ri, sag­lyk mak­sat­ly mer­kez­ler gur­lup, döw­re­bap luk­man­çy­lyk en­jam­la­ry bi­len üp­jün edil­di. Türk­me­nis­tan sag­ly­gy go­ra­ýyş ba­bat­da Bü­tin­dün­ýä Sag­ly­gy Go­ra­ýyş Gu­ra­ma­sy (BSGG) we beý­le­ki hal­ka­ra gu­ra­ma­lar bi­len iş­jeň hyz­mat­daş­lyk ed­ýär. Luk­man­çy­lyk ug­run­dan dün­ýä­niň öň­de­ba­ry­jy uni­wer­si­tet­le­ri hem-de mer­kez­le­ri bi­len tej­ri­be alyş­mak, luk­man­la­ryň hü­när de­re­je­si­ni ýo­kar­lan­dyr­mak ug­run­da uly iş­ler al­nyp ba­ryl­ýar. Ýur­du­my­zyň has­sa­ha­na­la­ryn­da öň­de­ba­ry­jy teh­no­lo­gi­ýa­lar – komp­ýu­ter to­mog­ra­fi­ýa­sy, re­zo­nans mag­nit to­mog­ra­fi­ýa­sy we hi­rur­gi­ýa­nyň ro­bot­laş­dy­ry­lan usul­la­ry giň­den peý­da­la­nyl­ýar. Bu bol­sa ke­sel­le­ri ir­ki dö­wür­de ýü­ze çy­kar­ma­ga, ta­kyk be­jer­gi ber­mä­ge müm­kin­çi­lik dö­red­ýär.
Der­man se­na­ga­ty­ny ös­dür­mek­de-de giň ge­rim­li iş­ler al­nyp ba­ryl­ýar. Ýer­li der­man se­riş­de­le­ri­niň ön­dü­ril­me­gi ke­sel­le­riň be­jer­gi­si­ni çalt­lan­dyr­ma­ga kö­mek ed­ýär. Döw­let ta­ra­pyn­dan der­man se­riş­de­le­ri­niň el­ýe­ter­li­li­gi­ni üp­jün et­mek mak­sa­dy bi­len de­giş­li ka­rar­la­ryň ka­bul edil­me­gi we ýer­li çig mal­lar­dan önüm ön­dür­ýän kär­ha­na­la­ryň sa­ny­nyň art­dy­ryl­ma­gy ila­tyň ze­rur der­man se­riş­de­le­ri bi­len bök­denç­siz üp­jün edil­me­gi­ne müm­kin­çi­lik ber­ýär. Türk­me­nis­tan­da ös­ýän der­man­lyk ösüm­lik­ler­den taý­ýar­la­nyl­ýan der­man önüm­çi­li­gi­niň art­dy­ryl­ma­gy bol­sa te­bi­gy se­riş­de­le­ri ne­ti­je­li peý­da­lan­ma­ga, luk­man­çy­lyk­da eko­lo­gi­ýa taý­dan aras­sa be­jer­gi­le­ri or­naş­dyr­ma­ga müm­kin­çi­lik ber­ýär.
Ýur­du­my­zda ke­sel­le­riň öňü­ni al­mak­da hem mö­hüm çä­re­ler do­wam et­di­ril­ýär. Ila­tyň sag­lyk ýag­da­ýy­ny bar­la­mak üçin yzy­gi­der­li luk­man­çy­lyk gö­zeg­çi­lik­le­ri ge­çi­ril­ýär. Ça­ga­lar we ýet­gin­jek­ler üçin hök­ma­ny luk­man­çy­lyk gö­zeg­çi­lik­le­ri ýo­la go­ýul­dy. Ýo­kanç ke­sel­le­riň öňü­ni al­mak mak­sa­dy bi­len, hal­ka­ra öl­çeg­le­ri­ne la­ýyk­lyk­da san­jym iş­le­ri al­nyp ba­ryl­ýar. Bu çä­re­ler po­lio­mie­li­tiň, gy­za­my­gyň, in­çe­ke­se­liň we beý­le­ki howp­ly ýo­kanç ke­sel­le­riň öňüni almaga ýardam edýär. Ýur­du­my­zyň äh­li se­bit­le­rin­de ila­ty aras­sa agyz su­wy bi­len üp­jün et­mek, ho­wa­nyň aras­sa­ly­gy­ny sak­la­mak bo­ýun­ça iş­ler ge­çi­ril­ýär.

Allamyrat HANOW,
Aşgabat şäheriniň 13-nji saglyk öýüniň baş lukmany.