Şu ýyl “Saglyk” Döwlet maksatnamasynyň kabul edilmegine 30 ýyl bolýar. Bu şanly sene mynasybetli Aşgabat we Arkadag şäherlerinde, welaýat merkezlerinde “Türkmenistanyň Prezidentiniň “Saglyk” Döwlet maksatnamasy hereketde” atly maslahatlary geçirmek, zähmetde aýratyn tapawutlanan saglygy goraýyş işgärlerine hormatly Prezidentimiziň hem-de Gahryman Arkadagymyzyň adyndan sowgatlary dabaraly gowşurmak, Milli Liderimiziň nusgalyk kitaplarynyň, surat we milli saglygy goraýyş önümleriniň sergisini, aýdym-sazly medeni çäreleri geçirmek göz öňünde tutulýar. Bu barada 18-nji iýulda sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Orazdurdyýewa hasabat berdi.