Angliýanyň çempionatynda 26-njy tapgyryň 7 duşuşygynda myhmanlar ýeňiş gazandy. Tapgyryň merkezi duşuşygynda sanawyň lideri soňky çempion “Mançester Siti” Mohamed Salah hem-de Dominik Soboslainiň gollary bilen 2-0 hasabynda utdy. Birnäçe statistikalary täzelän Salah şu möwsümdäki 25-nji goluny geçirdi. Onuň 16 asisti hem bar. Ol bir möwsümde bu görkezijilere ýeten ilkinji oýunçy hökmünde hasaba alyndy. Salah APL-de 2 möwsümde 40 gola gönümel goşant eden ilkinji futbolçy boldy. Salah şu möwsümde APL-de 11-nji duşuşykda hem gol geçirip, hem asist etdi. Salahdan öň diňe Lionel Messi şu görkezijä ýetipdi (2014/15).
Şeýle-de, “Mançester Siti” Pep Guardiolanyň tälimçiliginde ilkinji gezek öz meýdançasynda “Liwerpuldan” ýeňildi. Guardiola tälimçilik karýerasynda 1 möwsümde 14-nji gezek utulyp, öz antirekordyny ýokarlandyrdy. “Liwerpul” bilen “Mançester Sitiniň” arasyndaky utuk tapawudy-da 20-ä çykdy.
London derbisinde “Arsenal” öz meýdançasynda “West Hamdan” Boweniň ýeke-täk goly esasynda 1-0 asgyn geldi.
Tapgyryň iň köp golly duşuşygynda “Nýukasl” öz meýdançasynda “Nottingam Forestden” 4-3 hasabynda üstün çykdy. 11 minutda 4 gol geçiren “Nýukaslyň” adyndan Maýli, Mörfi hem-de Isak (2) tapawutlandy.
“Aston Willa” öz meýdançasynda “Çelsini” garşydaşynyň 8-nji minutda öňe geçendigine garamazdan, täze transfer Marko Asensionyň gollary esasynda 2-1 ýeňdi. Asensionyň gollarynyň 2-siniň hem pasyny oýna 2-nji ýarymda goşulan Markus Reşford berdi.
Öz meýdançasynda “Brentforddan” 4-0 hasabynda utulan “Lester Siti” APL-niň taryhynda bir möwsümde öz meýdançasynda yzly-yzyna 6 oýunda gol geçirmän ýeňildi.
Lester – Brentford: 0-4 (Wissa 17, Mbemo 27, Nergor 32, Karwalýo 89),
Ewerton – Mançester Ýunaýted: 2-2 (Beto 19, Dukure 33 – Bruno Fernandeş 72, Ugarte 80),
Bornmut – Wulwerhempton: 0-1 (Mateus Kunýa 36),
Arsenal – West Ham: 0-1 (Bowen 44), Fulham – K. Palas: 0-2 (Andersen 37 ö.d., Munios 66),
Ipswiç – Tottenham: 1-4 (Hatçinson 36 – Jonson 18, 26, Spens 77, Kulusewski 84),
Southempton – Braýton: 0-4 (Žoao Pedro 23, Rütter 57, Mitoma 71, Hinşelwud 82),
Aston Willa – Çelsi: 2-1 (Asensio 57, 90 – Fernandes 8),
Nýukasl – Nottingam Forrest: 4-3 (Maýli 23, Mörfi 25, Isak 33 p, 34 – Hadson-Odoi 6, Milenkowiç 63, Ýeýts 90+1),
Mançester Siti – Liwerpul: 0-2 (Salah 14, Soboslai 37)