Hytaýyň Şanhaý şäherinde geçirilen 14-nji “Şanhaý Masters” ýaryşynda garaşylmadyk ýagdaýda monakoly Walanten Waşro ýeňiji boldy. 26 ýaşyndaky tennisçi finalda fransiýaly Artur Rinderkneş bilen duşuşdy. Garaşylmadyk ýagdaýda finala çykan iki tennisçiniň jemleýji oýnunda fransiýaly tennisçi 1-nji setde 6:4 üstün çykdy. Ýöne monakoly tennisçi 2-3-nji setlerde 6:3-lük hasaplar bilen garşydaşyny ýeňip, karýerasy boýunça ilkinji çempionlygyny gazanmagy başardy. ATP-niň sanawynda 40-njy orunda barýan Waşro 1990-njy ýyldan soň “ATP Masters 1000” ýaryşynda çempionlyk gazanan iň pes basgançakçakdy tennisçi diýlip hasaba alyndy. Şeýle-de, ol “ATP Masters 1000” ýaryşlarynda saýlama tapgyryndan gatnaşyp, çempionlyk gazanan 3-nji tennisçi boldy.
Waşro tennis ýaryşynda ýekeleýin çempionlyk gazanan ilkinji monakoly tennisçi bolup, özüniň ilkinji kubogyny “Masters” ýaryşynda asmana göteren 5-nji tennisçi hökmünde bellige alyndy. “Şanhaý Mastersde” ilkinji, “ATP Masters 1000” ýaryşlarynda bolsa 3-nji gezek finala 2 garaşylmadyk tennisçi çykdy. Waşro bilen Rinderkneş ikisi doganoglan bolup, olar soňky 34 ýylda ATP-niň çäginde bir maşgaladan finala çykan ilkinji tennisçiler boldy. Soňky gezek ATP-niň ýaryşlarynda 1991-nji ýylda Çikago Açyk tennis ýaryşynda doganlar Jon we Patrik MakEnrolar finalda oýnapdy.
Weşro ýarym finalda Nowak Jokowiçi, Rinderkneş bolsa Daniil Medwedewi ýeňlişe sezewar etdi.