Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň tagallalary bilen ýurdumyz ösüşlere tarap badalga aldy. Munuň şeýledigini halk hojalygynyň dürli ugurlarynda gazanylýan ösüşlerdenem görmek bolýar. Elbetde, dünýä bilen aýakdaş gitmek üçin ykdysadyýetiň, bilimiň, ylmyň, halk hojalygynyň dürli ugurlarynyň döwrebap gurnalmagy zerurdyr.
Ähli ösüşleriň gözbaşynda bilimiň durýandygyny hemişe belleýän hormatly Prezidentimiziň 2017-nji ýylyň 15-nji sentýabrynda «Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasyny» we bu Konsepsiýany durmuşa geçirmegiň meýilnamasyny tassyklamagy bu ugurda aýdylanlaryň logiki dowamy boldy.
Sanly bilim ulgamyny durmuşa geçirmegiň birinji tapgyrynda meýilleşdirilen çäreler boýunça ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde hünärmenler, professor-mugallymlar, şeýle-de ýaşlar tarapyndan sanly bilim ulgamynyň tor programma üpjünçiligi, onuň binýadynda sanly bilim portallary işlenilip taýýarlanyldy. Sanly bilim portaly elektron poçta, elektron resminama, uzak aralykdan ylym-bilim almak, ylmy işler, okatmagyň elektron serişdesi, bäsleşikler, olimpiadalar, maslahatlar, forumlar, okuw kitaplary, okuw gollanmalary, sözlükler ýaly bölümleri özünde jemleýär.
Bulardan başga-da bilim edaralarynda sanly tehnologiýalaryň, ýokary tizlikli internet ulgamynyň giňden ornaşdyrylmagy netijesinde, ýurdumyzyň ýokary hem-de orta hünär okuw mekdepleriniň arasynda, şol sanda bilim babatda hyzmatdaşlyk edilýän daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleri, ylym-bilim merkezleri bilen uzak aralykdan sapaklar, wideoşekilli maslahatlar yzygiderli guralýar. Ähli bilim edaralarynda sanly bilim tehnologiýalaryny ornaşdyrmak bilen dersler boýunça döwrebap elektron okuw-usuly toplumlar, elektron okuw kitaplary, okuw gollanmalary, wideo-audio materiallar, interaktiw-multimediýa programmalary, okuw-görkezme esbaplary, maglumat kitapçalary döredilýär.
Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Harby institutynda hem hormatly Prezidentimiziň sanly bilim ulgamyny durmuşa ornaşdyrmak barada aýdanlaryndan ugur alnyp durmuşa geçirilýän işler diýseň köp. Bu babatda ýokary okuw mekdebiniň kitaphanalarynda döredilen elektron kitaphanalary agzap geçmek bolar. Olaryň üsti bilen talyplar öz hünärlerine degişli kitaplar, terjimeler, mugallymlaryň ýazan gollanmalarynyň ählisi bilen tanyşmaga mümkinçilik alýarlar. Bu ýokary okuw mekdebinde her bir derse degişli okuw-usulyýet toplumy taýýarlanyldy. Talyplar kompýuteriň üsti bilen şol derse degişli maksatnama-meýilnamadan başlap, umumy sapaklar, mugallymyň wideogörnüşli sapagyna çenli ähli zady görüp bilýärler. Şeýle hem häzirki günde institutda wideokonferensiýa görnüşli sapaklary geçmek tejribesi hem giňden ulanylýar. Bu bolsa mugallymlaryň geçýän sapaklaryna has köp talyplaryň gatnaşyp bilmeklerine, olaryň öz bilimini has-da çuňlaşdyrmaklaryna uly ýardam edýär.
Hormatly Prezidentimiziň döwletli Diýarymyzy has-da ösdürmek maksadyndan ugur alýan şeýle başlangyçlarynyň ýakyn geljekde öz miwesini berjekdigi şübhesizdir. Bize bolsa Gahryman Arkadagymyzyň şeýle belent tutumlaryna öz goşandymyzy goşup, yhlas bilen zähmet çekäýmek galýar.
Gülbahar Gurbanowa,
TGM-niň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Harby institutynyň uly mugallymy.