Hormatly Prezidentimiz milli ykdysadyýetimizi sanlylaşdyrmagy ulgamlaýyn meselelerini çözmegiň möhüm ugry hökmünde kesgitledi. Sanly ykdysadyýet maglumat tehnologiýalaryna daýanýan ykdysady iş bolup durýar. Tehnologiýa taýdan ösen ýurtlaryň tejribesiniň görkezişi ýaly, sanly ykdysadyýet olara öňe ilerlemäge we dünýäniň öňdebaryjy ýurtlarynyň hataryna goşulmaga mümkinçilik berýär.

Ýurdumyzda transmilli optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamynyň bolmagy internet akymlarynyň üstaşyr geçirijilik ukybyny ýokarlandyrmaga mümkinçilik berýär. Häzirki döwürde Türkmenistanda maglumatlary geçirmek boýunça 5 döwletara optiki-süýümli ulgam ornaşdyryldy. Ilatyň isleglerini kanagatlandyrmak maksady bilen, ýurdumyzda 50 Gbit/sek. ýokary tizlikli internet akymy hereket edýär. 2019-njy ýylda Türkmenistan boýunça elektron hyzmatlaryna 4 milliondan gowrak sargyt gelip gowuşdy. Şeýlelikde, ýurdumyzda sanly ykdysadyýete geçmek üçin zerur bolan düzüm döredildi. «Türkmenaragatnaşyk» agentligi şertnamalaýyn esasda kiberhowpsuzlygy üpjün etmek arkaly döredilýän milli atlary bolan internet web-saýtlaryny bellige alýar. Häkimlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň önümçilik işini awtomatlaşdyrmak, hasaba almak we hasabyny ýöretmek boýunça ýerine ýetirilýän işleri ýeňilleşdirmek, şeýle hem raýatlar üçin amatlyklary döretmek we elektron hyzmatlar ulgamyny kämilleşdirmek maksady bilen, Türkmenistanyň e.gov.tm bir bitewi döwlet saýty döredildi. Häzirki döwürde «Türkmenaragatnaşyk» agentligi tarapyndan Aşgabatdaky Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň binýadynda «Sanly çözgüt — IT-meýdança» hojalyk jemgyýeti döredildi.

Sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyna laýyklykda, döwlet Baştutanymyzyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň neşirlerini elektron görnüşe geçirmek boýunça tabşyryklaryny ýerine ýetirmek maksady bilen, bu işi guramagyň degişli tertibi taýýarlanyldy. Resminamada öňde durýan wezipeleri çözmek üçin anyk çäreler we elektron görnüşdäki gazetleriň hem-de žurnallaryň düşewüntliligi hakyndaky maglumatlar kesgitlendi. Maglumat bazaryny umumylaşdyrmak düzgüni internet giňişligine çykarylýan maglumatlaryň “Google”, “Yandeх:, “Yahoo”, “Baidu” ýaly dünýäniň esasy internet gözleg saýtlaryna utgaşmagyna mümkinçilik berer. Şeýlelikde, Diýarymyzyň metbugat neşirleri (gazetler we žurnallar) daşary döwletlerde ýurdumyz barada ýaýradylýan maglumatlardan ilki habarly bolmaklary üçin tiz ýagdaýda öz saýtlaryny döretmekleri maksada laýykdyr.

 

Merýem ANNAÝEWA,

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby.