Ýewropanyň Merkezi banky sanly ýewro çykarmak üçin täze sepgide ýetdi. Maliýe edarasy munuň üçin 36 sany hyzmat hödürleýji kompaniýany saýlap aldy. Taslama «Deutsche Bank», «UniCredit» we «Revolut» ýaly maliýe edaralary goşuldy. Geljek ýylyň ikinji ýarymyndan başlap, 12 aýyň dowamynda sanly ýewronyň tehniki infrastrukturasy, amaly prosesi we ulanyjylaryň ýerine ýetirjek amallary synagdan geçiriler. Maksatnama Merkezi bank bilen bir hatarda Ýewro sebitindäki 21 merkezi bankyň 19-synyň gatnaşmagynda amala aşyrylar. Bolgariýa bilen Malta bu taslama goşulmaz.
Synag maksatly geçiriljek işleriň çäklerinde sanly ýewro tehniki babatda hakykatda ulanyljak sanly ýewro meňzeş bolar, emma resmi töleg serişdesi kabul edilmez.
Sanly ýewro 2029-njy ýyldan başlap hakyky töleg serişdesi hökmünde dolanyşyga goýberiler.
PDF









